FIFA Winisiusy 2024-nji ýylyň iň gowy futbolçysy diýip yglan etdi

  • 18.12.2024 16:23
  • 6k+

“Realyň” we Braziliýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Winisius Žunior FIFA tarapyndan ýylyň iň gowy futbolçysy hökmünde saýlandy. The Best FIFA baýragynyň gowşurylyş dabarasy Dohada (Katar) geçirildi.

Baýrak üçin, hususan-da, geçen we häzirki möwsümlerde “Realda” çykyş eden alty oýunçy bäsleşdi. Winisiusdan başga-da, bular ispaniýaly Daniel Karwahal, urugwaýly Federiko Walwerde, angliýaly Jud Bellingem, fransiýaly Kilian Mbappe (geçen möwsüm Fransiýanyň “Pari Sen-Žermen” toparynda oýnady) we tomus karýerasyny tamamlan germaniýaly ýarymgoragçy Toni Kroosdyr.
Şeýle-de, baýraga ispaniýaly Rodri, norwegiýaly Erling Holand (ikisi-de “Mançester Siti”), germaniýaly Florian Wirs (“Baýer”), ispaniýaly Lamin Ýamal (“Barselona”), şeýle-de soňky iki baýragy utan (jemi – üç) argentinaly Lionel Messi (“Inter Maýami”) dalaş etdi.
Ýeňiji milli ýygyndylaryň kapitanlarynyň we tälimçileriniň, janköýerleriň we KHBS wekilleriniň ses bermegi netijesinde kesgitlendi.
Geçen möwsüm Winisius “Realyň” düzüminde UEFA-nyň Çempionlar ligasyny utdy we ýaryşyň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi. Şeýle-de, ol Ispaniýanyň çempionatynda we ýurduň Superkubogynda ýeňiji boldy.

FIFA 2024-nji ýylyň simwolik ýygyndysyny hem yglan etdi:

  • derwezeban – Emiliano Martines (Argentina, “Aston Willa”);
  • goragçylar – Daniel Karwahal (Ispaniýa, “Real”), Antonio Rýudiger (Germaniýa, “Real”), Ruben Diaş (Portugaliýa, “Mançester Siti”), Wilýam Saliba (Fransiýa, “Arsenal”);
  • ýarymgoragçylar – Jud Bellingem (Angliýa, “Real”), Rodri (Ispaniýa, “Mançester Siti”), Toni Kroos (Germaniýa, “Real”);
  • hüjümçiler – Lamin Ýamal (Ispaniýa, “Barselona”), Erling Holand (Norwegiýa, “Mançester Siti”), Winisius Žunior (Braziliýa, “Real”).

şu gün 12:33
1.4k+

«PSŽ» «Realdan» öňe geçip, düzüminiň bahasy boýunça iň gymmat klub boldy

Fransiýanyň «PSŽ» futbol kluby düzümindäki oýunçylaryň umumy bazar bahasy boýunça Madridiň «Realyny» we Angliýanyň «Mançester Siti» klubuny yzda galdyryp, dünýäde birinji orna çykdy. «Transfermarkt» portalynyň......

düýn 18:20
3.7k+

Žoze Mourinýu «Real» bilen üçýyllyk şertnama baglaşdy

Žoze Mourinýu Madridiň «Realynyň» baş tälimçisi wezipesine bellenildi. Bu barada ispan klubunyň resmi saýtynda habar berilýär....

düýn 11:10
9.1k+

Dünýä çempionatynyň 1-nji güni: Meksikanyň ynamly ýeňşi we Günorta Koreýanyň kembegi

Açylyş oýunda Meksika milli ýygyndysy Günorta Afrika Resbuplikasynyň ýygyndysyny 2:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi....

11.06.2026 23:57
4k+

«Time» sport äleminde täsiri uly 100 adamyň sanawyny düzdi

«Time» žurnaly sport pudagynda 2026-njy ýylyň täsiri uly 100 şahsyýetiniň sanawyny hödürledi. Bu reýtinge diňe bir häzirki wagtda çykyş edýän meşhur türgenler we tejribeli tälimçiler däl, eýsem sport......