iPhone 17 Air köpçülikleýin önümçilige taýýarlanyş tapgyryna geçýär

  • 17.12.2024 20:11
  • 8.2k+

Apple kompaniýasy iPhone hatarynda iň inçe gurluş bolmagy wada berýän iPhone 17 Air smartfonynyň tapgyrlaýyn önümçiligine taýýarlanyp başlady. DigiTimes çeşmeleriniň habar bermegine görä, model Foxconn zawodynda  täze önümi giriziş tapgyryna (NPI) geçdi diýip, TechRadar habar berýär.

Bu tapgyr köpçülikleýin önümçilige goýberilmezden öň esasy tapgyr hasaplanýar. NPI prosesinde Apple we üpjün edijiler konstruksiýany barlaýar, prototipleri synagdan geçirýär we önümçilik usullaryny, şol sanda hil gözegçiligini we logistikany ylalaşýar.
iPhone 17 Air özünden öňkülerden has inçe bolmagy wada berýär – onuň korpusy, gürrüňlere görä, iPhone 16 Pro-dan 2 mm inçe bolar. Gurluş 6,55 – 6,65 dýuým ekran bilen iPhone 17 Pro we 17 Pro Max-yň arasynda ýerleşer.
Smartfonyň az ýer tutup, komponentleriň içki ýerleşişini optimizasiýalaşdyrmaga mümkinçilik berýän Apple-iň täze 5G modemi bilen üpjün edilmegine garaşylýar. Deslapky maglumatlara görä, kamera 48 Mp obýektiwe eýe bolar.
iPhone 17 Air-iň relizi iPhone 17 seriýasynyň beýleki modelleri bilen birlikde indiki ýyla meýilleşdirilýär.


21.06.2026 21:09
1.3k+

Apple Music-iň 11 ýyllygy mynasybetli iň köp diňlenen artistleriň reýtingi düzüldi

Apple Music hyzmatyň taryhynda iň köp diňlenilen 20 ýerine ýetirijiniň sanawyny hödürledi. Bu reýting 2015-nji ýylyň 30-njy iýunynda işe girizilen aýdym-saz platformasynyň 11 ýyllygynyň öň ýanynda peýda boldy.......

16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....