Margo Robbiniň baş keşpde oýnamagynda düşüriljek “Tupanly belentlik” filminiň çykjak senesi mälim edildi

  • 17.12.2024 15:39
  • 3.8k+

Warner Bros. Emili Brontäniň täzeden ekranlaşdyrylýan “Tupanly belentlik” filminiň çykjak senesini yglan etdi. Film 2026-njy ýylyň 13-nji fewralynda görkeziler.

Taslamada baş keşpleri Margo Robbi (“Barbi”) bilen Jeýkob Elordi (“Eýforiýa”) ýerine ýetirer. Filme “Umyt döredýän gyz” we “Soltbýorn” filmleri bilen tanalýan, “Oskar” baýragynyň eýesi Emerald Fennell režissýorlyk eder. Film 2025-nji ýylda surata düşürilip başlanar.
“Tupanly belentlik” romany maşgala betbagtçylyklary we jemgyýetçilik dartgynlygy bilen garyşyp gidýän Hitkliff bilen Katriniň arasyndaky dramatik söýgi barada gürrüň berýär. Emili Brontäniň kitaby, takmynan, 20 gezek ekranlaşdyryldy. Ilkinji ekranlaşdyrylmasy 1920-nji ýylda West-Ýorkşiriň Hoerte obasynda ýazyjynyň öýünde surata düşürilen sessiz filmdir. Film surata düşürilende Lorens Oliwýe, Timoti Dalton, Reýf Faýns, Žýulýet Binoş we Tom Hardi ýaly kino ýyldyzlary birnäçe gezek çykyş etdi.
Bu roman dünýä edebiýatynyň iň beýik eserleriniň sanawyna yzygiderli girizilýär. BBC-iň wersiýasyna görä, ol iň gowy romanlaryň sanawynda 12-nji orny eýeleýär. Britaniýanyň UKTV Drama teleýaýlymy “Tupanly belentligi” ähli döwürleriň esasy romantik kitaby diýip atlandyrdy.


şu gün 12:00
770

Disney 2026-njy ýylda film studiýalarynyň içinde ýygymy 3 milliard dollardan geçen ilkinji studiýa boldy

Walt Disney Studios 2026-njy ýylda dünýäde kassa girdejisini 3 milliard dollardan geçiren ilkinji kinostudiýa boldy diýip, Deadline neşiri habar berýär. Çeşmäniň maglumatyna görä, kompaniýanyň şu ýylky ähli......

şu gün 10:12
872

«Minýonlar we nägehanlar» multfilminiň premýerasynda minýon dilinde aýdym aýtmak bäsleşigi geçdi

«Minýonlar we nägehanlar» multfilminiň premýerasynda minýon dilinde aýdym aýtmak boýunça bäsleşik geçirildi. Ýeňiji bolan gyz «Jackson 5» toparynyň «I'll Be There» aýdymyny ýerine ýetirdi....

27.06.2026 11:31
2.2k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

26.06.2026 23:58
2.2k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......