Raýan Reýnolds bilen Hýu Jekman aýdym-saz topary baradaky komediýada baş keşbi janlandyrarlar

  • 17.12.2024 13:21
  • 4.2k+

Raýan Reýnolds we Hýu Jekman täze komediýa taslamasyna gatnaşmak üçin ýene bir gezek tandemde birleşerler. The Hollywood Reporter-iň habar bermegine görä, aktýorlar “Boýz-bend” (Boy Band) filminiň surata düşürilişine gatnaşarlar. Filme “Dedpul we Rosomahanyň” aktýorlary bilen eýýäm hyzmatdaşlyk eden Şon Lewi režissýorlyk eder.

Filmiň sýužetinde meşhur aýdym-saz toparynyň ýaşlygynda şöhratyň çür başyna çykmagy başaran öňki agzalary barada gürrüň berilýär. Birnäçe ýyldan soň gahrymanlar durmuşlaryny täzeden gözden geçirmäge synanyşýarlar.
Reýnolds edebi ýazgynyň garalama görnüşiniň ikinji wersiýasyny eýýäm tamamlap barýar. Şeýle-de bolsa, surata düşürmek işi indiki ýyldan bärde başlamaz.
Filmiň takyk goýberiljek senesi entek yglan edilmedi.


düýn 20:14
1.8k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 11:08
2.2k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.3k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

18.06.2026 09:53
1.8k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......