“Moana 2” ýylyň iň girdejili filmleriniň sanawynda “Dýuna 2-den” öňe geçdi

  • 17.12.2024 10:27
  • 2.1k+

“Moana 2” multfilmi 2024-nji ýylyň iň girdejili filmleriniň sanawynda dördünji boldy. Disney studiýasynyň taslamasy dünýä prokatynda 717 mln dollar gazandy, bu hem oňa “Dýuna. Bölüm 2” filminden (714,4 mln dollar) öňe geçmäge mümkinçilik berdi.

Polineziýaly serdaryň gyzynyň başdangeçirmeleri baradaky ikinji film tankytçylardan dürli seslenme aldy: Rotten Tomatoes-de 62% we Metacritic-de 100-den 58 bal. Ýöne bu lenta ABŞ-da we Kanadada 337,5 mln, şeýle-de halkara sebitlerde 379,5 mln dollar gazanmaga päsgel bermedi.
Prokatyň öňdebaryjylary “Tapmaça 2” (Головоломка 2, $1,696 mlrd), “Dedpul we Rosomaha” (Дэдпул и Росомаха, $1,338 mlrd) we “Ýigrenji men 4” (Гадкий я 4, $969 mln) bolmagynda galýar.
Ilkinji onluga “Zalym: Günbataryň jadygöýi barada erteki” (Злая: Сказка о ведьме Запада) mýuzikli hem goşuldy. Sekizinji orny eýelän film 524 mln dollar girdeji gazandy, şolardan 359 mln Demirgazyk Amerikanyň, 165 mln halkara bazarlaryň paýyna düşýär
“Zalym” Brodweýiň mýuzikliniň iň girdejili ekranlaşdyrylmasy boldy, ol “Briolinden” öňe geçdi.


düýn 20:14
1.8k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 11:08
2.2k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.3k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

18.06.2026 09:53
1.8k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......