“Tom we Jerri” boýunça täze film surata düşüriler

  • 15.12.2024 17:24
  • 6.3k+

Warner Bros. Animation kompaniýasy täze “Tom we Jerri” filmini anons etdi. Geljekki lentanyň režissýorlary hökmünde Raşida Jons, Uilýam MakKormik we Maýkl Gowýer çykyş eder. Filmiň sýužeti, aktýorlar düzümi we beýlekiler barada maglumat häzirlikçe ýok.

“Tom we Jerri” multfilmi boýunça geçenki doly metražly film 2021-nji ýylda çykdy. Ol abraýly myhmanhananyň işgäri Kaýla we onuň gymmat toýuň tutulmagyna päsgel berip biljek syçan Jerriden dynmak üçin köçe pişigi Tomy işe alşy barada gürrüň berýär.
Film tankytçylardan we tomaşaçylardan dürli seslenme aldy. Režissýor hökmünde Tim Stori (“Harasat möwsümi”) çykyş etdi.  
Täze filmiň möhleti we premýera senesi hem heniz belli däl.


şu gün 11:08
1.6k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

düýn 09:56
2.2k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.7k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.4k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....