Hulu “Tussaglykdan gaçyş” kult serialynyň älemine esaslanýan täze serialyň synag epizodyny sargyt etdi

  • 15.12.2024 16:49
  • 5.1k+

Hulu akym hyzmaty meşhur “Tussaglykdan gaçyş” (“Побег”) serialyna esaslanýan täze taslamanyň üstünde işläp başlady.

Deadline neşiriniň berýän maglumatlaryna görä, häzirki wagtda synag epizodynyň üstünde işlenip başlandy. “Düzgüni bozujylar” (“Нарушители”) we “Maýýanslar” (“Майянцы”) filmleri bilen tanalýan Eljin Jeýms serialyň şouranneri boldy.
Sýužetiň jikme-jiklikleri entek aýan edilmedi, ýöne täze hekaýanyň asyl serialyň dowamy däldigi mälimdir. Asyl nusganyň baş gahrymanlary  Maýkl Skofild bilen Linkoln Berrous täze taslamada peýda bolmaz. Wakalar diňe meşhur serial bilen bir älemde bolup geçer.
Şeýle-de bolsa, “Tussaglykdan gaçyşyň” Pol Şoring we Marti Adelşteýn ýaly prodýuserleri serialyň üstünde işleýärler.
Täze serialy işläp düzmegiň meýilnamalary ilkinji gezek geçen ýylyň noýabr aýynda mälim boldy. 2005-nji ýylda çykan “Tussaglykdan gaçyşyň” asyl 5 möwsümi ýaňy-ýakynda Netflix-de peýda boldy we tomaşa edilişi nukdaýnazaryndan platformanyň öňdäki hataryna çykyp, ýene-de meşhur filme öwrüldi. Nielseniň berýän maglumatlaryna görä, bu serial 2024-nji ýylyň awgust aýynda ABŞ-da iň meşhur akym serialyna öwrüldi. Megerem, şu ýagdaý Huluny täze taslama döretmäge iteren  bolsa gerek.


düýn 20:14
1.7k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 11:08
2.2k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.3k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

18.06.2026 09:53
1.8k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......