YouTube-da birnäçe dile awtomatiki dublyaž funksiýasy peýda boldy

  • 14.12.2024 08:24
  • 2.1k+

YouTube emeli aňyň kömegi bilen wideony awtomatiki dublýaž edýän (wideonyň dilini başga dile geçirýän) funksiýany hödürledi. Täze funksiýa awtorlara wideolaryny dürli dillere terjime etmegiň hasabyna tomaşaçylaryny artdyrmaga mümkinçilik berer diýip, The Verge belleýär.

Bu gural hyzmatdaşlyk maksatnamasyna gatnaşýan "ýüz müňlerçe kanal" üçin elýeterlidir. Birinji tapgyrda funksiýa bilim we maglumat beriş mazmunly wideolary döredijiler üçin niýetlenendir.
Dublýaž wideonyň asyl nusgasy iňlis dilinde ýüklenen ýagdaýynda, fransuz, nemes, ispan, ýapon we portugal dilleri ýaly, dokuz dilde amala aşyrylýar. Eger wideo şu dilleriň birinde ýazga alnan bolsa, onda häzirlikçe dublýažyň diňe iňlis dilindäki wersiýasy döredilýär.
Amal doly awtomatlaşdyrylandyr we dublýaž wideo ýüklenen dessine edilip başlanýar. Şeýle-de bolsa, awtorlar dublýaž çapa gitmezden ozal gözden geçirmek, ony ýatyrmak ýa-da goýlandan soň pozmak mümkinçiliginiň bardygy sebäpli, netijä gözegçilik edip bilýärler.
YouTube bu funksiýany ýakyn wagtda beýleki mazmun kategoriýalaryna hem  ýaýratmagy wada berýär.


25.06.2026 10:21
4.3k+

Özbegistanda emeli aň tutuş mähelläniň meselelerini çözmäge kömek eder

Özbegistanda mähellelerdäki iň derwaýys meseleleri ýüze çykarmak we olary çözmek boýunça çalt çäreleri görmek üçin emeli aň esasly ulgam ornaşdyrylar. Degişli teklipler ýurduň prezidenti Şawkat Mirziýoýewe......

17.06.2026 11:11
1.4k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....

16.06.2026 23:19
2.4k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

16.06.2026 12:35
6.3k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......