Moskwada GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi

  • 14.12.2024 00:35
  • 10k+

12-nji dekabrda Russiýa Federasiýasynyň paýtagtynda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi. Moskwadaky mejlisde Türkmenistana ýurduň Belarus Respublikasyndaky ilçisi, GDA-nyň kanuny we beýleki guramalarynda hemişelik doly ygtyýarly wekili Nazarguly Şagulyýew wekilçilik etdi diýlip, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň saýtynda habar berilýär.

Gatnaşyjylar GDA giňişliginde ykdysady gatnaşyklaryň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de ulag, raýat gämi gurluşygy, ýerasty suwlary öwrenmek we goramak boýunça hyzmatdaşlyk barada birnäçe resminama gol çekdiler.
]Şeýle-de, mejlisde 2025-2026-njy ýyllar üçin ynsanperwer hyzmatdaşlyk ugrunda ileri tutulýan çäreleriň meýilnamasy kabul edildi. Resminama bilim, ylym, medeniýet, maglumat we köpçülikleýin aragatnaşyk, kitap çap etmek, kitap ýaýratmak we poligrafiýa, sport we sagdyn durmuş ýörelgesi, syýahatçylyk, ýaşlar bilen işleşmek ýaly ugurlarda 200-den gowrak çäräni öz içine alýan 10 bölümden ybarat.
Meýilnama 2025-nji ýylda GDA-da Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli çäräniň geçirilmegini göz öňünde tutýar.
Bellenen tejribe boýunça, GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşi ýylda iki gezek mejlise ýygnanyşýar. Nobatdan daşary mejlisler döwletleriň biriniň hökümetiniň başlangyjy bilen çagyrylyp bilner. TASS-yň maglumatlaryna görä, indiki mejlisi 2025-nji ýylyň 30-njy maýynda Duşanbede (Täjigistan) geçirmek meýilleşdirilýär.

“Täjigistan Respublikasynyň ýolbaşçylygynyň razylygy bar” – diýip, Arkalaşygyň Baş sekretary Sergeý Lebedew habar berdi.


şu gün 13:44
1k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

şu gün 07:42
1.1k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2.1k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......