14 ýyldan soň: “Ahyrky nokat” filminiň täze bölümi 2025-nji ýylyň maýynda çykar

  • 13.12.2024 15:35
  • 6.6k+

“Ahyrky nokat” (Пункт назначения) elhenç filmler seriýasynyň altynjy bölümi “Gan baglanyşyklary” (Кровные узы) goşmaça sözbaşysy bilen 2025-nji ýylyň 16-njy maýynda kinoteatrlarda çykar. Film 2011-nji ýylda franşizanyň öňki bölümi çykandan 14 ýyldan soň ilkinji bölüm bolar diýip, Variety habar berýär.

Täze bölümiň wakalary lukmanlaryň, polisiýa işgärleriniň we ýangyn söndürijileriň işini öz içine alýan çalt jogap beriş gulluklarynyň dünýäsinde ýaýbaňlanýar. Filmiň režissýorlary öň bilelikde “Özgeler” (Иные) filmini düşüren Zak Lipowski we Adam B.Steýn boldy. Uilýam Bladuortyň baş keşbini ýene-de akýor Toni Todd ýerine ýetirer.
Filmiň relizi seriýanyň 25 ýyllyk ýubileýine bagyşlanýar – ilkinji bölüm 2000-nji ýylda çykdy. Onýyllyklaryň dowamynda “Ahyrky nokat” elhençlik žanryna özboluşly çemeleşmäniň netjesinde giň meşhurlyga eýe boldy.
Film franşizanyň firma stilini saklamagy wada berýär. Döredijiler täze bölümiň hem öňki muşdaklary, hem täze auditoriýany çekmegine garaşýarlar.


düýn 20:14
1.7k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 11:08
2.2k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.3k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

18.06.2026 09:53
1.8k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......