MrBeast täze tomaşasy üçin 14 million dollarlyk şäher gurdy

  • 12.12.2024 11:10
  • 12k+

YouTube-de iň meşhur bloger bolan MrBeast täze Beast Games realiti-tomaşasy üçin kiçi şäher gurmaga 14 million dollar maýa goýdy. Ol ýerdäki ilkinji oýunlary 19-njy dekabrda başlamak meýilleşdirilýär diýip, Daily Afisha habar berýär.

“Biz öňdäki tomaşamyzyň gatnaşyjylary üçin 14 million dollarlyk şäher gurduk! Ähli zadymyzy orta goýduk, indem 19-njy dekabra sabyrsyzlyk bilen garaşýarys! " – diýip, bloger Instagramda ýazdy.

Amazon-yň Beast Games taslamasynda 5 million dollarlyk baş baýrak ugrunda 1000 adam bäsleşipdi. Bloger bu tomaşany "taryhdaky iň uly oýun taslamasy" diýip atlandyrdy we önümçilige çykarylan çykdajynyň 100 million dollardan geçendigini habar berdi. Tomaşanyň ýazgy wagtynda, iň uly pul baýragy we birinji epizodda  berlen iň köp pul mukdary ýaly, Ginnesiň 28 rekordy goýuldy.
Belläp geçsek, şol ýaryşda 10-dan gowrak gatnaşyjy howpsuzlyk düzgünleriniň berjaý edilmeýändiginden, iýmit ýetmezçiliginden we meýdançada lukmanlaryň kemterlik edýändiginden zeýrenendiklerini bellemelidiris. Bäş gatnaşyjy kazyýete toparlaýyn arza berdi. Bu nägilelikleriň içinde “dowamly gödek ýüzlenmeler” we artyk işlenen wagt üçin hak tölenmezligi ýaly şikaýatlar bar.

Arzaçylaryň aklawçylary: "Gatnaşyjylar uzak we kyn bäsleşige gatnaşýandyklaryny bilseler-de, tomaşa düşürilmezden ozal şertnama baglaşan bolsalar-da, özlerine  garaşýan zatlara taýyn däldiler" - diýdi.

Mundan öň, MrBeast futbolçy Kriştiano Ronalduwyň we beýleki professional türgenleriň gatnaşmagynda özboluşly bir çekeleşik geçiripdi. Şonda ýeňijä 1 million dollar baýrak gowşuryldy.

şu gün 11:22
2.6k+

Türki döwletler 34 harpdan ybarat elipbiýi ornaşdyrmagy ara alyp maslahatlaşýarlar

Astana şäherinde Türk akademiýasy tarapyndan gurnalan Umumy türk elipbiýi komissiýasynyň dördünji mejlisi geçirildi. Altyn Orda neşiriniň habar bermegine görä, duşuşyga gatnaşyjylar esasan 34 harpdan ybarat......

şu gün 11:08
1.6k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

şu gün 10:10
1.9k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

şu gün 08:15
1.5k+

BAE göreşe goşuldy: ýurtda 15 ýaşdan kiçilere sosial torlaryny ulanmak gadagan edildi

Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) Hökümeti kämillik ýaşyna ýetmedikleriň sosial ulgamlaryny ulanmagyny düýpgöter çäklendirýän karary tassyklady. «Khaleej Times» neşiriniň habar bermegine görä, mundan beýläk......