MrBeast Kriştianu Ronaldu bilen million dollara futbol çekeleşigini geçirdi

  • 03.12.2024 21:34
  • 15k+

Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň we Saud Arabystanynyň “Al-Nasr” klubunyň hüjümçisi Kristiano Ronaldu meşhur bloger MrBeast (hakyky ady Jimmi Donaldson) bilen futbol çekeleşigine gatnaşdy. Bilelikde wideo düşürmek baradaky pikir Ronaldunyň bloger bilen ýazylan podkast wagtynda aýdan çakylygyndan soň döredi.

Ilkibaşda çekeleşik futbolçy bilen blogeriň arasynda geçdi. Olar “Al-Nasryň” öý stadionynyň “Mrsul Park” arenasynda synaglary ýerine ýetirmek üçin duşuşdylar. Synaglar dürli aralyklardan (2 metrden 50 metre çenli) top bilen MrBeastiň kartondan ýasalan şekiline urmakdan ybaratdy. Her bir şowly urga bal berilýärdi. Blogeriň ähli urgulary pys geçdi. Ronaldu “kartony” iki metr aralykdan urup bildi, ýöne 9,5 we 15 metr aralykdan welin, nyşana degip bilmedi. Ronaldu 30 metr aralykdan uranda, şert goýmak kararyna geldi.
Futbolçy: "Üç gezek urup, birinde-de nyşana degip bilmesem, onda oýunda seniň utdugyňdyr" – diýip teklip etdi. MrBeast garşylyklaýyn jogap berdi: “Eger sen nyşana degseň, abonentlerimden size ýazylmaklaryny haýyş ederin. Ýok, degip bilmeseň, onda sen şeýdersiň "-diýdi. Ronaldunyň bu aralykdanam urgusy pys geçdi we duelde blogerden ýeňildi. Emma, her nämede bolsa, portugaliýaly hüjümçi 50 metr aralykdan  dürs urgy etdi.
Çekeleşikli wideo 24 sagadyň dowamynda 16 milliondan gowrak gezek tomaşa edildi, ilkinji gezek görkezilende bolsa oňa bir wagtyň özünde 142 müňden gowrak adam tomaşa etdi.
Şol bir wagtyň özünde MrBeast öz kanalynda ýene bir wideony ýaýratdy. Onda Haled atly ýönekeý janköýer Ronaldu bilen nyşana degmekde bäsleşdi. Bu gezek goýlan baýrak has ýokary boldy - ýeňiji 1 million dollar aldy. Bu ýaryşda futbol janköýeri professional futbolçydan has takyk boldy - Halid 3:0 hasabynda ýeňiş gazandy we nyşana üç gezek urdy.


Wideo “Ronalduny utup, 1 000 000 dollar gazanyň” ady bilen ýaýradylan hem bolsa, bu diňe meşhur futbolçy bilen baglanyşykly däldi. Oňa başga-da dört meşhur professional türgen gatnaşdy. Olar - ýeňil atletikaçy, Olimpiýa oýunlarynyň çempiony Noa Laýls, golfçy Braýson Deşambo, amerikan futbolynyň oýunçysy Tom Bredi we beýsbolçy Braýs Harper. Bu çekeleşigiň öňe sürýän pikiri “ýönekeý adamlaryň” baý tejribeli hünärmenleri ýeňmäge synanyşmagyndan ybaratdyr, munda höwesjeňlere “ýeňmäge başlangyç mümkinçilik” berildi. Bu synaglaryň hersinde esasy baýrak 100 müň dollar boldy. Türgen ýeňen ýagdaýynda, ähli pul haýyr-sahawata gitmeli.
Täsin ýeri, käbir professionallar çekeleşiklerde ýaş türgenlere eglişik etdiler.
MrBeast-yň sport çekeleşigi baradaky wideosyna 24 sagadyň dowamynda 50 milliondan gowrak gezek tomaşa edildi.


şu gün 10:24
2.8k+

Iraola resmi taýdan «Liwerpulyň» baş tälimçisi boldy, ýöne şertnamanyň möhleti aýdylmady

«Liwerpul» futbol kluby 43 ýaşly ispan hünärmeni Andoni Iraolanyň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Şol bir wagtda, mersisaýdlylar täze halypa bilen baglaşylan......

şu gün 08:15
2.4k+

Dewid Bekhem Holliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ýyldyz alar

Futbol boýunça Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Golliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ady ýazylan ýyldyza eýe bolar. Bu barada Holliwudyň Söwda palatasy habar berdi....

düýn 15:52
7.8k+

Transfermarkt: Abdukodir Husanow Aziýanyň iň gymmat futbolçysy

«Mançester Siti» toparynyň we Özbegistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Abdukodir Husanow Transfermarkt internet portalynyň täze maglumatlaryna görä, Aziýanyň iň gymmat bahaly futbolçysyna öwrüldi. Portal......

04.06.2026 23:46
5.1k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......