Tesla Model Q-niň bahasy 20 000 dollardan arzan bolar: önümçilik geljek ýylyň birinji ýarymyna meýilleşdirilýär

  • 12.12.2024 08:50
  • 4.2k+

Tesla geljek ýylyň birinji ýarymynda täze Model Q elektromobilini öndürmek baradaky meýilnamalaryny resmi taýdan tassyklady. Bu awtoulag kompaniýanyň täze platformasynda gurlar we Model 3-üň ykjam wersiýasy bolar. Bu barada GlobalChinaEv habar berýär.

Modeliň önümçilik çykdajylary iki esse azalar, bu bolsa awtoulagy ABŞ-nyň bazarynda subsidiýalary göz öňünde tutmak bilen 20 000 dollardan pes bahada satmaga mümkinçilik berer.
Model Q öňki nusgadan tapawutlylykda 15% kiçi we 30% ýeňil bolar, onuň uzynlygy takmynan 3988 mm bolar. Awtoulagda 53 kW/s we 75 kW/s kuwwaty bolan litiý-demir-fosfat batareýalary bolar. Ýöreýiş ätiýaçlygy takmynan 500 km.
Modeli Şanhaýdaky Gigafactory zawodynda öndürmek meýilleşdirilýär. Bu bolsa onuň bahasyny 19 200 dollara çenli düşürmäge mümkinçilik berer.
Model Q-nyň esasy bäsdeşleri Volkswagen ID.3 we BYD Dolphin bolar.
Kompaniýanyň çaklamalaryna görä, täze awtoulagyň çykarylmagy 2025-nji ýylda Tesla-nyň ýylda 20–30% ösüş gazanmagyna mümkinçilik berer.


düýn 18:36
3k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

düýn 17:04
2.3k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

29.05.2026 23:38
3.6k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......