Täze ýyl mynasybetli dynç günlerinde haýsy kitaplary okamaly: Bill Geýtsden maslahatlar

  • 12.12.2024 08:54
  • 7k+

Adatça, ýylyň ahyrynda Bill Geýts, öz pikiriçe, okamaga mynasyp bolan kitaplaryň sanawyny hödürleýär. Ol maslahatlary öz blogunda paýlaşdy.

Geýtsiň aýtmagyna görä, sanawdaky bäş kitabyň dördüsi gurşap alýan dünýä has gowy düşünmäge kömek edýär, bu bolsa çalt üýtgeýän eýýamda aýratyn wajypdyr.
Birinji maslahat – Doris Kerns Gudwiniň “Söýginiň tamamlanmadyk hekaýaty” (An Unfinished Love Story) eseri. Kitap awtoryň 1960-njy ýyllarda Prezidentler Kennedi we Jonson üçin Ak öýüň spiçraýteri (çykyşlaryň tekstini düzüji) bolup işlän adamsy bilen durmuşy barada gürrüň berýär. Geýtsiň pikiriçe, bu iş geçmiş bilen häziriň aralygyndaky meňzeşligi tapýar.
Ikinjisi, Jonatan Haýdtyň “Ynjalyksyz nesil” (The Anxious Generation) kitaby ene-atalar, pedagoglar we ýaşlaryň halypalary üçin peýdaly bolar. Awtor döwrebap tehnologiýalaryň we gajetleriň çagalaryň emosional ösüşine nähili täsir edýändigine seredip geçýär.
Üçünjisi, Gredi Hillhausyň “Tüýs inženeriýa” (Engineering in Plain Sight) kitaby. Bu kitap öýjükli aragatnaşyk diňleri we transformatorlar ýaly gündelik gurluşlaryň işini düşündirýär. Geýts ol adaty gurluşlardan hemmetaraplaýyn baş çykarmagy halaýanlar üçin gyzykly bolup biler diýip hasaplaýar. Milliarderiň aýtmagyna görä, bu kitap siziň güman etmedik soraglaryňyza jogap berer.
Dördünji maslahat – Mustafa Suleýmanyň “Gelýän tolkun” (The Coming Wave) kitaby. Kitapda emeli aň ýaly ylmy üstünlikleriň jemgyýeti nähili üýtgedýändigi öwrenilýär. Geýts ony tehnologiýalaryň häzirkizaman dünýäsine edýän täsiriniň iň gowy düşündirişi diýip atlandyrdy.
Soňky kitap – Doris Henkeliň tennisçi Rojer Federeriň durmuşyna bagyşlanan “Federer” (Federer) eseri. Geýts bu kitabyň gymmatdygyny we agyrdygyny, ýöne onuň tennis muşdaklary üçin gymmatly bir zada öwrüljekdigini belledi.


17.01.2026 15:03
5k+

Bill Geýts on ýyldan soň iki günlük iş hepdesiniň boljakdygyny çaklaýar

Microsoft-yň egindeş esaslandyryjysy Bill Geýts on ýyldan soň, emeli aňyň ösmegi netijesinde, adamlaryň hepdede diňe iki gün işlejekdigini aýtdy. Ol bu barada The Tonight Show teleýaýlymyndaky Jimmy Fallon bilen bolan söhbetdeşliginde aýtdy we öz sözlerini indi köp işlerde adam hyzmatynyň talap edilmeýändigi we başga işler üçin wagty ep-esli artjakdygy bilen düşündirdi...

13.01.2026 16:15
6.4k+

Bill Geýts emeli aňyň howplary hakynda täze esse ýazdy

Bill Geýts her ýyl okyjylara hödürleýän essesiniň «Çykgytly optimizm» atly täze nusgasyny çap etdi. Onda Microsoft kompaniýasynyň esaslandyryjysy emeli aňyň häzirki ýagdaýyna we geljegine baha berýär. Geýts essede tehnologiýanyň ýokary mümkinçiliklerini ykrar etmek bilen birlikde, onuň çalt we harsal düzgünleşdirilmegi bilen baglanyşykly bolup biläýjek ulgamlaýyn töwekgelçiliklere ünsi çekýär...

05.06.2025 10:17
9.3k+

Bill Geýts baýlygynyň esli bölegini Afrika kömek üçin bagyş eder

Microsoft korporasiýasynyň esaslandyryjysy Bill Geýts öz baýlygynyň ep-esli bölegini Afrikadaky meseleleri çözmäge gönükdirjekdigini habar berdi. Bu barada Geýtsiň haýyr-sahawat gaznasynyň habarynda aýdylýar. Forbes neşiri milliarderiň baýlygyny 116,5 mlrd dollar diýip hasaplaýar...

02.06.2025 17:35
6.3k+

Ýatlamalara täsir eden ýatlamalar: Bill Geýts tomus üçin kitaplaryň sanawyny paýlaşdy

Bill Geýts tomusda okamak üçin kitaplaryň sanawyny hödürledi. Şu ýyl ol öz awtobiografiýasyny ýazmakda ugur alan ýatlamalaryny maslahat berýär. Her bir wakanyň merkezinde – öňdebaryjylyk, adamkärçilik we kynçylyklary ýeňip geçmek temalary bar...