“Oz ýurdunyň jadygöýi” filmindäki Dorotiniň ýakut bilen bezelen aýakgaplary 32,5 million dollara satyldy

  • 11.12.2024 18:57
  • 6.8k+

1939-njy ýylda nusgawy sazdan döredilen “Oz ýurdunyň jadygöýi” filmindäki ýakut bilen bezelen zenan aýakgaplary 32,5 million dollara satyldy. Bu barada ABŞ-nyň Dallas şäherindäki “Heritage Auksion” auksion öýüne salgylanyp, NBC News habar berýär.

Dorotiniň keşbini ýerine ýetiren aktrisa Judi Garland bu aýakgaplary kinofilm surata düşürilýän wagty geýipdi. Bu lot auksionda uly gyzyklanma döretdi.
Nusgawy filmdäki jübüt aýakgaplary satyn almak üçin başlangyç baha 1,5 million dollardan başlandy. Auksion işgärleri tolgunmalara garaşýardylar we olary 3 milliona satmagy umyt etdiler, ýöne bu çaklamalaryň ikisi-de ilkinji minutda geçip gitdi.
Satylan dört toplumyň arasynda bu lot iň gymmady boldy. 2000-nji ýylda şuňa meňzeş aýakgaplar 666 000 dollara satyldy. 2012-nji ýylda bolsa Stiwen Spilberg we Leonardo Di Kaprio 2 million dollara şular ýaly başga bir jübüt aýakgap satyn alyp, Los Anjelesdäki Kinosungaty Akademiýasynyň muzeýine sowgat etdi.
32,5 milliona satylan aýakgabyň öz taryhy bar. Ol 2005-nji ýylyň awgust aýynda Minnesote ştatynyň Judi Garland muzeýinden ogurlandy. 77 ýaşly Terri Jon Martin aýna gabyň (witrinanyň) gapagyny çekiç bilen döwüp, ony ogurlap gaçdy. Aýakgaplaryň hakyky ýakut bilen bezelmändigini, bölekleriniň aýnadan ýasalandygyny bilip, Terri Jon Martin olary gahar-gazap bilen zyňdy.
Aýakgaplar 13 ýyldan soňra yzyna gaýtaryldy diýip, daily.afisha.ru ýazýar. 2018-nji ýylda FBI-e habar düşdi we gözleg işleri geçirilen wagtynda olar aýakgaplary tapdylar. 2024-nji ýylda bolsa olar auksiona goýulmak bilen eýesine gaýdyp geldiler.
ABŞ-nyň Kongres kitaphanasynyň habaryna görä, "Oz ýurdunyň jadygöýi" filmi kino taryhynda iň köp görülýän filmdir.


şu gün 11:31
228

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

düýn 23:58
1.3k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

düýn 21:03
12k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....