“Altyn globus – 2025” baýragyna dalaşgärler yglan edildi

  • 11.12.2024 15:31
  • 7.6k+

Golliwudyň daşary ýurt metbugaty assosiasiýasy “Altyn globus” baýragyna dalaşgärleriň sanawyny yglan etdi. 82-nji baýrak gowşurylyş dabarasy 6-njy ýanwara geçilýän gije bolar.

Dalaşgärleri Los-Anjelesden YouTube-da göni ýaýlymda aktýorlar Mindi Kaling we Morris Çestnat yglan etdiler.
Şu ýyl nominasiýa sany boýunça öňdebaryjy ozal Ýewropa kinoakademiýasynyň baş baýragyna mynasyp bolan Netflix-iň “Emiliýa Peres” kriminal mýuzikli boldy. Film 10 baýraga dalaş edýär.
“Hyzmatkär” (Прислуга), “Ma Reýni: Blýuzyň enesi” (Ма Рейни: Мать блюза), “Zenan şa” (Женщина-король) filmleri bilen tanalýan aktrisa Wiola Dewis hormatly Sesilýa B. De Millýa baýragyny alar. Bu baýrak 1952-nji ýyldan bäri kinematografda bitirilen hyzmatlar üçin berilýär.
“Iň gowy film – drama” kategoriýasynda “Altyn globusa” “Brutalist” (Бруталист), “Dýuna: Bölüm 2” (Дюна: Часть 2), “Konklaw” (Конклав), “Nikeliň” oglanlary” (Мальчишки из «Никеля»), “Düýbünden nätanyş” (Никому не известный) we “Bäşinji sentýabr” (Пятое сентября) dalaş edýär.
“Iň gowy film – komediýa/mýuzikl” tituly üçin “Anora” (Анора), “Zalym: Günbataryň jadygöýi barada erteki” (Злая: Сказка о ведьме Запада), “Hakyky agyry” (Настоящая боль), “Dalaşgärler” (Претенденты), “Substansiýa” (Субстанция) we “Emiliýa Peres” (Эмилия Перес) bäsleşer.
Gyzykly ýeri, aktýor Sebastian Sten birbada iki baýraga – dramada (“Şägirt”, Ученик) we komediýada (“Başga adam”, Другой человек) iň gowy erkek keşbi üçin nominasiýalarynda dalaşgär görkezildi.
“Iň gowy halkara film” nominasiýasynda baýraga “Emiliýa Peres” mýuzikli bilen birlikde “Bize yşyk bolup görünýän zatlar” (Всё, что нам кажется светом, Hindistan/Fransiýa), “Dag gelni” (Горная невеста, Italiýa), “Iňňeli gyz” (Девушка с иглой, Daniýa), “Mukaddes injiriň tohumy” (Семя священного инжира, Germaniýa-Fransiýa) we “Men henizem bärde” (Я всё ещё здесь, Braziliýa) dalaş edýär.
“Iň gowy animasion film” “Tapmaça 2” (Головоломка 2), “Ýabany robot” (Дикий робот), “Ulitkanyň memuarlary” (Мемуары улитки), “Moana 2” (Моана 2), “Akym” (Поток) we “Uolles we Gromit: Iň ýowuz ar” (Уоллес и Громит: Самая дикая месть) bolup biler.
Dalaşgärleriň doly sanawy bilen baýragyň saýtynda tanşyp bilersiňiz.
“Globus” baýraklarynyň gowşurylyş dabarasy CBS teleýaýlymynda we Paramount+-da görkeziler. Baýragyň alypbaryjysy stendap-komik Nikki Gleýzer bolar.


şu gün 11:08
1.8k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

düýn 09:56
2.2k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.7k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.4k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....