Subaru, Lexus we Toyota 2024-nji ýylyň iň ygtybarly awtoulaglary diýlip yglan edildi

  • 11.12.2024 11:06
  • 6.7k+

Consumer Reports  žurnalynyň geçiren barlagynda dünýäniň iň ygtybarly awtoulag brendleri görkezilýär. Örän seýrek ýagdaýda näsazlyk tapýandygy we hereketlendirijisiniň durnukly işleýändigi sebäpli Subaru, Lexus we Toyota sanawda öňdebaryjy boldular.

68 utuk toplan we benzinli awtoulaglaryň arasynda ýokary durnuklylygy görkezen Subaru birinji ýeri eýeledi. Ikinji ýerde özüni ygtybarly gibrid tehnologiýasy hökmünde subut eden Lexus (65 bal) durýar. Toyota 62 utuk bilen ilkinji üçlügi soňlaýar. Brend sedanlardan ulaglara çenli dürli segmentlerde durnukly netijeleri görkezýär.
Elektrikli awtoulag segmentine täze giren Rivian mümkin bolan 100 baldan bary-ýogy 14 bal toplap, iň ygtybarsyz brendleriň birine öwrüldi. Cadillac bilen GMC-iň görkezijileri hem pes boldy.
Şeýle hem barlagyň netijeleri elektrik ulaglarynyň we bazara ýaňy çykan täze modelleriň döwülmek howpunyň has ýokarydygyny görkezdi. Öndürijiler, köplenç, täze önümlerini yzyna çagyrmaly we käbir tehniki ýalňyşlyklary düzetmeli bolýarlar.
Şeýle-de, hünärmenler benzin hereketlendirijili awtoulaglaryň, gibridler we elektrik ulaglary bilen deňeşdirilende, has ýokary durnuklylygy görkezýändigini bellediler.


düýn 14:05
3.4k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

düýn 08:16
2.5k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
4.8k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......