Saturnyň halkalary 2025-nji ýylda iki gezek Ýerdäki synçylar üçin ýitirim bolar

  • 10.12.2024 19:15
  • 3.3k+

Saturnyň halkalary 2025-nji ýylda Ýerdäki synçylar üçin iki gezek göze görünmeýän bolar. Bu 23-nji martda we 26-njy noýabrda bolup geçer diýip, “Ka-Dar” obserwatoriýasynyň ylmy ýolbaşçysy Stas Korotkiý RIA Nowosti agentligine aýtdy.

Bilermeniň aýtmagyna görä, şeýle hadysa 15 ýylda bir gezek, Ýer bilen Saturn planetanyň halkalary bilen bir tekizlige düşenlerinde bolup geçýär.

“Biz halkalary gapdaldan görýäris, olaryň ýogynlygy, takmynan, 30 metre barabar, Saturna çenli aralyk bolsa milliard kilometrden geçýär. Olar hatda iň kuwwatly teleskopyň üsti bilen hem görünmeýän bolup galýar” – diýip, Korotkiý düşündirdi.

Martdaky ýitirim bolma Gün şöhlesi sebäpli Ýerdäki synçylar üçin göze ilmez. Ýöne noýabr aýynda, amatly şertlerde, hadysany kuwwatly teleskopyň kömegi bilen görüp bolar. Şeýle hadysalar Ýeriň 30 ýylyna barabar bolan Saturnyň orbital döwründe iki gezek bolup geçýär.

“Bu seýrek hadysa – biziň belli halkaly planetamyz halkasyz galar” – diýip, bilermen belledi.


19.05.2026 16:54
9.2k+

Suratçy Günüň öňünden geçip barýan uçaryň iň gowy suratyny almak üçin 1,7 million kadr düşürdi

Älem giňişligini surata düşürmekde meşhur suratçy Endrýu MakKarti Günüň edil öňünden geçip barýan uçary we şol pursat Günüň ýüzünde dörän iki sany uly otly tütüni bir kadra sygdyrmak üçin 6 günüň dowamynda 1,7......

15.05.2026 11:27
7.7k+

ABŞ-nyň iň demirgazyk şäherinde 84 günläp gündizlik höküm sürer

Alyaskanyň Utkiagwik şäherinde «ýarym gije Gün» döwri başlandy. Indiki 84 günüň dowamynda Gün ol ýerde gije-gündizläp gözýetimiň ýokarsynda galar....

15.05.2026 10:31
2.4k+

Özbegistan 2028-nji ýyla çenli älem giňişligine ilkinji kosmonawtyny ibermegi meýilleşdirýär

Özbegistan 2028-nji ýylyň oktýabr aýyna çenli ilkinji özbek kosmonawtyny älem giňişligine ibermegi maksat edinýär. Bu barada Özbekkosmos agentliginiň direktorynyň orunbasary Muhiddin Ibragimow habar berdi.......

21.04.2026 12:08
3.6k+

Başgalardan 400 km ýokarda bolanlar üçin geýim: Vast Space kosmonawtlar üçin kostýum döretdi

Vast Space kompaniýasy geljekki Haven-1 täjirçilik orbital stansiýasynda, şeýle hem Halkara kosmos stansiýasyna hususy missiýalarda ulanmak üçin astronawtlara  niýetlenen uçuş eşigini görkezdi. Tanyşdyryş......