Deadline “Garri Potteriň” serialynda düşmek üçin bäsleşýän aktýorlaryň atlaryny paýlaşdy

  • 10.12.2024 18:57
  • 3.7k+

“Deadline-niň” žurnalistleri “Garri Potter” filminiň täze seriýasynda düşmek üçin bäsleşýän aktýorlaryň atlaryny mälim etdi. Filmiň surata düşürilmegi 2025-nji ýylyň tomsunda başlanar we onuň premýerasynyň (ilkinji görkezilişiniň) 2026-2027-nji ýyllarda bolmagyna garaşylýar.

Neşir Mark Maýlodyň režissýorlyk edýän seriýasynda esasy keşpleri ýerine ýetirip biljek aktýorlaryň deslapky sanawyny çap etdi.
Garriniň, Germionanyň we Ronuň keşpleri üçin ýazgylara 32,000 töweregi çaganyň iberilendigi bellendi. Şeýle-de bolsa, aktýorlara entek resmi taýdan teklip berilmedi. HBO serialyň töwereginde myş-myşlaryň köp boljakdygyny we jikme-jiklikleriň diňe şertnamalar baglaşylandan soň belli boljakdygyny aýtdy.
Filmi surata düşürmek Liwsdendäki Warner Bros. studiýalarynda bolar diýip, news.mail.ru habar berýär.
Täze taslama Joun Roulingiň kitaplar toplumynyň esasynda ekranlaşdyrylyp,  filmiň asyl material bilen “anyk sazlaşmagyny” gazanmak maksat edinilýär.
Beýleki keşpler üçin şu aşakdaky aktýorlar göz öňünde tutulýar:

  • Paapa Essiedu - Sewerus Sneýpiň keşbi üçin;
  • Mark Strong we Mark Raýlens - Albus Dambldoryň keşbi üçin;
  • Şeron Horgan we Reýçel Waýs - Minerwy Makgonagall;
  • Brett Goldstin - Rubeus Hagridiň keşbi üçin.

düýn 20:14
1.8k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 11:08
2.2k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.3k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

18.06.2026 09:53
1.8k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......