Dünýädäki iň garry albatros 74 ýaşynda ýumurtga guzlady. Bu guşlar adatça 12 ýyldan 40 ýyla çenli ýaşaýarlar

  • 10.12.2024 16:42
  • 10k+

Uizdom lakamly, 74 ýaşly, gara reňkli mäkiýan albatros (Phoebastria immutabilis) Ýuwaş ummanyň Midueý ZZZatollynyň Milli ýabany tebigat goraghanasynda ýumurtga guzlady. Bu ýagdaý ornitologlary haýran galdyrdy. Çünki, täzelikde ene bolan guşuň  ýaşy bu görnüşiň 12 ýaşdan 40 ýaş aralygyndaky ortaça ömründen ep-esli ýokary.

Daily Star neşiriniň habar bermegine görä, alymlar Uizdoma 1956-njy ýyldan bäri gözegçilik edýärler. Guş Midueýe yzygiderli gaýdyp gelýär. Ýakynda onuň öňki hemrasyny ýitirendigi bellendi.
Şu ýylyň dekabrynda guş ýene-de goraghana gaýdyp geldi we ýumurtga guzlady. Indi, Uizdom we onuň täze hemrasy iki aýlap gezekli-gezegine ýumurtga basarlar.


18.06.2026 22:32
4.5k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

15.06.2026 10:46
3.3k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......

11.06.2026 10:59
7.9k+

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....

08.06.2026 18:02
5.1k+

Las-Wegasda düşek örtgülerinden iň uly gala guruldy

Las-Wegasda mekdep okuwçylary we ýerli ýaşaýjylar düşek örtgülerini ulanmak arkaly dünýäde iň uly galany (fort) gurdy. Bu netije resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....