"Mersedes-Benz" Gün energiýasyny elektrik toguna öwürýän boýag döretdi

  • 10.12.2024 09:06
  • 7k+

“Mersedes-Benz” elektrik öndürip bilýän we elektrik awtoulaglarynyň hereket energiýasyny ýylda 20 müň kilometre çenli ýokarlandyrmaga ukyply bolan täze boýag hödürledi. Boýagyň galyňlygy bary-ýogy 5 mikrometr (inedördül metr üçin ortaça 50 g) bolup, onda innowasion örtügi ulanylýar we Gün panelleri ýaly işleýär. Bu barada "New Atlas" habar berýär.

Kompaniýanyň bellemegine görä, tehnologiýanyň mümkinçilikleri, esasanam, güneşli sebitler üçin uludyr. Boýagyň netijeliligi 20% bolup, zäherli ýa-da seýrek toprak elementlerini öz içine almaýar, şeýle-de ol ekologiýa taýdan arassadyr.
Önüm öndüriji statistika salgylanyp, Los Anjeles ýaly güneşli şäherlerde ortaça awtoulag eýesi üçin örtügiň daşarky zarýadlary doly energiýa çalşyp biljekdigini öňe sürýär. Şereketiň esaslandyrylan şäheri bolan Ştutgartda sürüjiler günde ulagly ortaça, takmynan, 52 km ýol geçýärler, şonuň üçin boýagdan alynýan elektrik energiýasy herekete zerur energiýanyň 62%-iniň öwezini dolup biler.
Tehnologiýanyň esasy aýratynlygy ultramelewşe şöhleleriň we çyglylygyň täsirinde energiýa öndürijileriň zaýalanmagynyň öňüni alýan fotoduýujylykly boýagyň üstünde reňkli gorag gatlagynyň ulanylmagydyr.
Işläp düzüjiler perowskit materiallaryny “suwuk görnüşde” ulanýarlar. Şeýle-de bolsa, beýleki hünärmenler perowskit elementleriniň barlaghanada gowy netijeleri berýändigine garamazdan, hakyky şertlerde ulanylanda çydamly däldigini, ultramelewşe şöhleleriniň we ýagşyň täsiri astynda peselýändigini belleýärler.
"Mersedes" bu örtügiň gönüden-göni ulagyň süňňündäki böleklerine sepilip bilinjekdigini we zyýanly elementlerden goramak üçin ýokarsyna reňkli boýag örtüginiň ulanyljakdygyny aýdýar. Şol bir wagtyň özünde, nanobölejiklere esaslanýan ýörite boýag Gün energiýasynyň 94%-ini geçirip biler diýip, 
ixbt.com ýazýar.
Elektrik awtoulaglaryndan başga-da, bu tehnologiýa binalara we beýleki zatlara energiýa berip, gurluşykda hem amaly ornuny tapyp biler.


23.05.2026 15:59
4.4k+

Mercedes-Benz 98%-e çenli netijeli Bosch elektrik motorlaryna geçýär

Bosch kompaniýasy täze elektrik awtoulaglaryny elektrik motorlary bilen üpjün etmek boýunça Mercedes-Benz bilen uzak möhletli şertnama baglaşdy. Ylalaşyk azyndan 2030-njy ýyllara çenli möhlete niýetlenen....

21.05.2026 09:35
2k+

Täze Mercedes-AMG GT reňkini üýtgedýän üçege we 1169 at güýjüne eýe boldy

Mercedes-AMG kompaniýasy üç sany oklaýyn (aksial) elektrik motory bolan we 1169 at güýji kuwwatyny öndürýän täze elektrikli AMG GT 4-Door Coupe sport sedanyny tanyşdyrdy diýip, «The Verge» neşiri habar berýär....

30.04.2026 16:52
4.4k+

Mercedes tankytlardan soň awtomobillere fiziki düwmeleri gaýtaryp getirmek kararyna geldi

Mercedes kompaniýasy awtomobilleriň salonyndaky dolandyryş ulgamyna bolan çemeleşmesini täzeden gözden geçirýär we sanly ekranlary saklap galmak bilen, esasy funksiýalar üçin fiziki düwmeleri yzyna gaýtarmaly......

22.04.2026 16:13
2.6k+

Mercedes-Benz 762 km ýol ätiýaçlygy bolan batareýaly C-klassyny tanyşdyrdy

Mercedes-Benz kompaniýasy doly elektrik güýjüne geçirilen C-klass sedanynyň täze neslini tanyşdyrdy. Bu model elektrikli GLC krossoweriniň tehnologiýalaryny we dizaýn elementlerini özünde jemleýär....