Jeff Bezos bilen Samsung Nvidia-nyň bäsdeşine 700 mln dollar maýa goýýar

  • 09.12.2024 17:25
  • 3.7k+

Emeli aň üçin çipleri işläp taýýarlaýan Tenstorrent startapy 700 mln dollar maýa çekdi. Maýadarlaryň hataryna Amazon-yň esaslandyryjysy Jeff Bezos we Samsung goşuldy.

Günorta Koreýanyň AFW Partners we Samsung Securities kompaniýalarynyň ýolbaşçylyk etmegindäki täze maliýeleşdiriş tapgyry Tenstorrent-i 2,6 mlrd dollar bilen bahalandyrdy. Häzir kompaniýanyň EA çipleriniň bazarynda möhüm oýunçy bolmak we Nvidia bilen bäsleşmek üçin ähli mümkinçilikleri bar diýip, Tom’s Hardware belleýär.
Beýleki maýadarlaryň arasynda LG Electronics, Fidelity we Hyundai Motor Group bar.
Tenstorrent bu serişdeleri topary giňeltmek, üpjünçilik zynjyryny kämilleşdirmek, EA bilimleri üçin täze serwerleri döretmek üçin ulanmagy meýilleşdirýär. Nvidia-nyň ýapyk ekoulgamyndan tapawutlylykda, Tenstorrent kompaniýasy dürli tehnologiýalar bilen işleşmegi aňsatlaşdyrýan açyk RISC-V standarty bilen energiýa taýdan netijeli we tygşytly çipleri işläp taýýarlamaga ünsi jemlär.
Startapyň baş müdiri Jim Keller gymmat bahaly, ýokary tizlikli HBM ýadyndan ýüz öwürmegiň çykdajylary azaltmaga we bäsdeşlige ukyply çözgütleri döretmäge kömek etjekdigini belledi.

“HBM-i ulanyp, Nvidia-ny ýeňip bolmaz, sebäbi Nvidia HBM-iň uly bölegini satyn alýar we baha artykmaçlygyna eýe” – diýip, Keller aýtdy.

Kompaniýa eýýäm GlobalFoundries bilen hyzmatdaşlyk edýär, geljekki çipler bolsa TSMC bilen Samsung-yň gatnaşmagynda öndüriler. Şeýle-de, Tenstorrent TSMC, Samsung we Rapidus Corp. kompaniýalarynyň meýilnamalaryna ünsi jemläp, 2 nm çipleri çykarmak mümkinçiligini öwrenýär.


17.06.2026 09:59
1.1k+

Samsung kompaniýasy Snapdragon X2 Elite prosessorly Galaxy Book 6 Edge noutbugyny çykardy

Samsung kompaniýasy täze Galaxy Book 6 Edge noutbugyny hödürledi. Bu model Qualcomm kompaniýasynyň Snapdragon X2 Elite prosessory bilen enjamlaşdyrylan Galaxy Book 6 hatarynyň ilkinji önümidir. Emeli aň......

09.06.2026 22:05
2.1k+

Samsung telewizor bazarynyň 30%-den gowragyny özüne berkitdi

Samsung 2026-njy ýylyň birinji çärýeginiň jemleri boýunça dünýäde telewizor öndürýän iň iri kompaniýa derejesini saklap galdy. Seljerijileriň maglumatlaryna görä, kompaniýanyň dünýä bazaryndaky paýy 31,3%-e......

02.06.2026 12:08
2.1k+

LG Electronics kompaniýasynyň paýnamalary ýylyň başyndan bäri 300% ýokarlandy

LG Electronics kompaniýasynyň paýnamalary ýylyň başyndan bäri takmynan 300 göterim gymmatlady. Bloomberg-iň habar bermegine görä, nyrhlaryň bu derejede çalt ýokarlanmagy maýadarlaryň kompaniýanyň robototehnika......

31.05.2026 18:06
2.2k+

NYT: Anthropic dünýäniň iň gymmat emeli aň startapy boldy

Anthropic kompaniýasy bazar bahasy boýunça özüniň iň esasy bäsdeşi bolan OpenAI kompaniýasyny yzda galdyryp, dünýäniň emeli aň maksatly iň gymmat startapyna öwrüldi. Bu barada Amerikanyň meşhur The New York......