Tokio demografiki ýagdaýy gowulandyrmak üçin 4 günlük iş hepdesini ornaşdyrar

  • 09.12.2024 16:53
  • 4.6k+

Tokionyň Hökümeti döwlet gullukçylaryny dört günlük iş hepdesine geçirmek kararyna geldi. Japan Times neşiriniň habar bermegine görä, bu başlangyç ýurtda iň pes derejede bolmagynda galýan çaga dogluşyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Saglygy goraýyş ministrliginiň maglumatlaryna görä, Tokiodaky her bir zenana ortaça 0,99 çagadan düşýär, munuň ýurt boýunça görkezijisi bolsa 1,2-ä deňdir. Ilatyň durnukly sanyny saklamak üçin koeffisiýent 2,1 bolmaly.
Tokionyň gubernatory Ýukiko Koikeniň sözlerine görä, täze iş tertibi raýatlara karýerany we maşgalany utgaşykly alyp barmaga kömek eder. 10 ýaşdan kiçi çagaly işleýän ene-atalara-da doly aýlyklaryny saklamak ýa-da aýlyklarynyň bir böleginden geçip, maşgalasyna has köp wagt sarp etmek üçin iki sagat öň öýlerine gaýtmak ýaly teklipler hödürlenýär.
Ýaponiýada çaga dogluşynyň derejesi sekiz ýyl bäri peselýär. Ýagdaýy gowulaşdyrmak üçin hökümet dürli çäreleri görýär. Hökümet iş şertlerini üýtgetmekden başga-da, çagalar baglaryna ýeňillikleri, sahylyk bilen çaga seretmeklik üçin rugsatlary we ene-atalara pul töleglerini berýär. Ýylyň başynda Ýaponiýanyň paýtagtynyň hökümeti, hatda ýeke ýaşaýan adamlara durmuşda taýyny tapmaga we nikalaşmaga kömek etmek üçin öz tanyşlyk programmasyny döretdi.


12.06.2026 10:04
6.1k+

Kyodo: Ýaponiýada puluň hümmetsizlenmegi güýçlendi. Lomaý bahalar üç ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

ABŞ-ndan, Hytaýdan we Germaniýadan soň nominallaýyn Jemi içerki önüm (JIÖ) boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän Ýaponiýa ykdysady basyşyň güýçlenmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy. Kyodo habarlar gullugynyň......

11.06.2026 07:42
2.1k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

09.06.2026 15:08
2.4k+

Ýaponiýada bitkoin-ETF-leriň işe girizilmegi 19,3 milliard dollara çenli maýany çekip biler

Seljerijiler Ýaponiýany spot görnüşli bitkoin-ETF-leri işe girizmek ähtimallygy iň ýokary bolan ýurtlaryň biri hasaplaýarlar. XWIN Japan kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, şeýle gaznalar öz işiniň ilkinji......

28.05.2026 12:23
2k+

Kanada maýa goýum özüne çekijiliginiň reýtinginde Hytaýdan öňe geçdi

Kanada we Ýaponiýa «Kearney FDI Confidence Index 2026» maýadarlaryň ynam reýtinginde öz ornuny berkitdi, Hytaý bolsa on ýylyň içinde ikinji orundan dördünji orna düşdi....