Alymlar gadymy “uly kelleli” Homo juluensis diýilýän adamlaryň näbelli görnüşi hakda gürrüň berdiler

  • 09.12.2024 16:21
  • 15k+

Alymlar Merkezi Hytaýda gadymy adamlaryň galyndylaryny tapdylar, olara Homo juluensis ýa-da “uly kelleli adam” (hytaýça Ju lu – äpet kelle) diýlipdir. Bu gominidler 300–50 müň ýyl ozal ýaşapdyrlar, olaryň giň kelleçanaklarynyň içindäki  beýniniň göwrümi 1700 sm³-e çenli bolup, häzirki adamlaryňkydan (1250–1600 sm3) uludyr diýip, Live Science habar berýär.

Bu açyş, Nature Communications-da neşir edilen barlagda beýan edildi.
Galyndylar ilkinji gezek 1974-nji ýylda Sýuýszýaýao diýen ýerde tapyldy, soňra şuňa meňzeş tapyndylar Gündogar Aziýanyň beýleki sebitlerinde hem tapyldy, ýöne indi alymlar olary aýratyn görnüş hökmünde kesgitlediler. Barlagçylar Homo juluensis bilen neandertallaryň, denisowlaryň we häzirki zaman adamlarynyň arasyndaky meňzeşlikleri belläp, görnüşleriň dürli ilatynyň arasynda biri-biri bilen garylmaklary arkaly ýüze çykyp biljekdigini çaklaýarlar.
Homo juluensis, takmynan, 300 müň ýyl ozal uly bolmadyk topar bolup ýaşapdyrlar, güzeran aýlamak üçin kiçi toparlarda ýabany atlary awlapdyrlar we daşdan zähmet gurallaryny ýasapdyrlar. Hatda, takmynan, 50 000 ýyl ozal ýitip gitmänkäler, geýim üçin haýwan derilerini eýlän, işläp bejeren bolmaklary hem mümkin.
Üzňe ýaşandyklaryna garamazdan, megerem, olar beýleki gominidler bilen düýbünden gatnaşyk saklamandyrlar diýip bolmaz.
Bu açyş häzirki zaman adamlary ýerli görnüşleri göçüripdir diýen ewolýusiýanyň nusgawy modelini şübhe astynda goýýar. Alymlar Aziýada adam ewolýusiýasynyň sebitdäki ilatyň dürlüligini düşündirýän gibridleşmäni öz içine alyp biljekdigini çaklaýarlar.


düýn 10:53
1.6k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
3.9k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.1k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....