Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Haýyr-sahawat gaznasynyň Tertipnamasy we müdiriýetiniň düzümi tassyklandy

  • 09.12.2024 11:01
  • 13k+

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň gol çeken Kararyna laýyklykda, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň Tertipnamasy we müdiriýetiniň düzümi tassyklanyldy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy degişli resminamalara 7-nji dekabrda gaznanyň müdiriýetiniň mejlisinde gol çekdi.

Mejlisiň barşynda gaznanyň hukukçysy M.Hojamberdiýewa gaznanyň kanunçylyk-hukuk namalaryna girizilen üýtgetmeler barada hasabat berdi.
M.Hojaberdiýewa gaznanyň Tertipnamasyna, onuň ýanyndaky Ýaşulular geňeşi hakynda Düzgünnama, gaznanyň müdiriýetiniň düzümine täzeden seredilendigini hem-de olaryň taslamalarynyň taýýarlanylandygyny habar berdi. Şunuň bilen baglylykda, Tertipnama gaznanyň Prezidenti tarapyndan wezipä bellenilýän we wezipeden boşadylýan iş birlikleri girizildi. Olar gaznanyň dolandyryş işleri boýunça ýerine ýetiriji direktory — wise-prezidenti, bejeriş işleri boýunça ýerine ýetiriji direktory — wise-prezidenti, önümçilik işleri boýunça ýerine ýetiriji direktory — wise-prezidenti wezipelerinden ybarat. Olar gazna öz ygtyýarlyklarynyň çäginde ýolbaşçylyk edýärler diýlip bellenilip, Tertipnamanyň 13-nji bölegi täze mazmunda beýan edildi. Girizilen wezipeler bilen baglylykda, gaznanyň müdiriýetiniň düzümine gaýtadan seredilip, onuň taslamasy taýýarlanyldy.
Şeýle hem Tertipnamada gaznanyň Prezidenti tarapyndan döredilýän gaznanyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşi hakyndaky kadalar aýratyn bapda beýan edildi. Agzalan bapda geňeşiň gaznanyň Tertipnamasynda kesgitlenen maksatlaryny guramaçylykly amala aşyrmaga ýardam berýän maslahat beriji topar bolup durýandygy, oňa gaznanyň Prezidentiniň ýolbaşçylyk edýändigi hem-de onuň düzümini we ol hakynda Düzgünnamany tassyklaýandygy beýan edildi. Ýaşulular geňeşiniň maksatlary we wezipeleri, geňeşiň agzalarynyň hukuklarydyr borçlary gaznanyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşi hakynda Düzgünnama bilen kesgitlenilýär. Gaznanyň hukukçysy Ýaşulular geňeşi hakynda Düzgünnamanyň taslamasyny hem Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna hödürledi.
Gol çekilen resminama laýyklykda, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň düzüminde iki sany wise-prezident wezipeleri döredildi. Olar gaznanyň bejeriş işleri boýunça hem-de senagat ugry boýunça wise-prezidenti wezipelerinden ybaratdyr.


şu gün 12:31
806

Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynda galla oragynyň barşy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitde dowam edýän galla oragynyň barşy bilen tanyşdy. Bu barada TDH habar berýär....

şu gün 09:55
338

Türkmenistan «MA – Koreýa Respublikasy» birinji sammitiniň taýýarlyk işlerine gatnaşdy

16-njy iýunda Daşkent şäherinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» formatyndaky döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitine taýýarlyk görmek......

düýn 11:28
654

Wenada Türkmenistanyň gatnaşmagynda CTBTO-nyň Taýýarlyk komissiýasynyň mejlisi geçýär

Türkmenistanyň wekiliýeti 15—17-nji iýun aralygynda Wena şäherinde geçirilýän Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnama guramasynyň (CTBTO) Taýýarlyk komissiýasynyň 66-njy mejlisine gatnaşýar.......

16.06.2026 19:44
2.1k+

Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşdy

16-njy iýunda daşary işler ministri Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nurlan Nogaýew bilen duşuşdy. Bu barada DIM-iň metbugat gullugy habar......