Hytaýyň Täze ýyly ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi

  • 09.12.2024 07:26
  • 2.8k+

BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) Aý senenamasy boýunça Hytaý Täze ýyly hökmünde belli bolan Bahar baýramyny (Çunsze) adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşdy. Bu barada Sinhua agentligi habar berýär.

Çözgüt ÝUNESKO-nyň maddy däl mirasy goramak boýunça Hökümetara komitetiniň 2 – 7-nji dekabrda Paragwaýda geçirilen 19-njy sessiýasynda kabul edildi.
Bahar baýramy üstünlikleri arzuw etmek, maşgalanyň birleşmegi we jemgyýetçilik çäreleri ýaly köp sanly däp-dessurlary we adatlary birleşdirýär. Bu däp-dessurlar hem maşgalalaryň, hem bilim programmalarynyň üsti bilen birek-birege geçirilýär.
Komitet baýramyň medeni aýratynlygy, sosial jebisligi we maşgala gymmatlyklaryny berkitmekde möhümdigini belledi. Şeýle-de, ol däp-dessurlaryň azyk howpsuzlygy we ekologiýa bilimi ýaly pudaklarda durnukly ösüşe goşant goşýandygyny belläp geçdi.
HHR-iň medeniýet ministriniň orunbasary Žao Sýuan baýramyň ykrar edilmeginiň halkara medeni alyş-çalşyga we ählumumy gymmatlyklary ýaýratmaga ýardam edýändigini aýtdy.
Bellenilişi ýaly, häzirki günde Hytaýyň ÝUNESKO tarapyndan adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň obýektleri hökmünde ykrar edilen medeni elementleriniň ýa-da tejribeleriniň sany 44-e ýetdi.


düýn 11:17
4k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......

düýn 10:28
1.1k+

Mejlisde Hytaýyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy boldy. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 14:01
8.4k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....

10.06.2026 08:04
10k+

Hytaýly raýat 32 gaty bolan binanyň 34-nji gatyndan öý satyn aldy

Hytaýyň Şensi welaýatynyň ýaşaýjysy ahyrynda binada bary-ýogy 32 gatyň bardygy belli bolandan soň, gurulýan binanyň 34-nji gatyndan satyn alan öýi üçin tölän serişdelerini kazyýet arkaly yzyna almaly boldy....