Angela Merkeliň memuarlary bir hepdede 200 müň nusga tiraž bilen satyldy

  • 09.12.2024 07:24
  • 3.9k+

Angela Merkeliň “Freiheit” (“Erkinlik”) atly ýatlamalary satuwyň ilkinji hepdesinde bestsellere öwrüldi. Beata Bauman bilen awtordaşlykda ýazylan kitabyň üstünligine ne ýokary baha, ne-de onuň 736 sahypalyk göwrümi, ne-de dürli seslenmeler täsir etdi.

Der Spiegel nemes neşiriniň maglumatlaryna görä, ilkinji hepdede kitabyň 200 müňden gowrak nusgasy satyldy. Onuň 42 ýewro bahasy alyjylar üçin böwet bolmady diýip, DW belleýär.
Merkeliň GDR-däki çagalygyny, Gelmut Koluň hökümetinde işlän ýyllaryny we onuň karýerasynyň esasy tapgyrlaryny gurşap alýan kitap gyzgalaňly pikir alyşmalara getirdi. Internet ulanyjylar hem oňyn, hem tankydy täsirleri galdyryp, pikirleri bilen işjeň paýlaşdylar. Teswirleriň köpelmegi sebäpli Amazon “aşa işjeňlige” salgylanyp, teswirleri ýerleşdirmek mümkinçiligini wagtlaýyn öçürdi.
Hünärmenleriň pikiriçe, bu seslenmeler neşiriň edebi gymmatlygyna däl-de, esasan, öňki kansleriň syýasy işine bolan garaýşy görkezýär.
Ýatlama ýazgylarynyň 30 ýurtda çap edilmegi meýilleşdirilýär.


08.06.2026 08:03
5.3k+

Nemes türgeni 367 günde 367 marafon geçdi: zenan bir ýyldan gowrak wagt bäri ylgap ýör

Nemes türgeni Joýs Hýubner yzly-yzyna 367 günüň dowamynda 367 marafon geçip, bu ugurda dünýäde şeýle netije görkezen ilkinji zenan boldy. Bu täsin üstünlik barada Germaniýanyň Spiegel neşiri habar berýär....

25.05.2026 21:06
8k+

Nemes inženerleri betonyň ýerine plastik we toprak ulanyp, köpri gurýarlar

Germaniyada awtomobil köprülerini gurmagyň täze usuly ulanylyp başlandy, onda adaty demir-beton gurnamalaryň ýerine dykyzlandyrylan toprak we plastik torlar ulanylýar....

16.05.2026 09:28
5.5k+

Germaniýadaky taşlanan metallurgiýa zawody sungat meýdançasyna öwrüldi

ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girýän Germaniýanyň «Fölklinger Hýutte» senagat toplumynda «Urban Art Biennale 2026» atly köçe sungatynyň sergisi açylýar. Bu gyzykly çäre dünýäniň 17 ýurdundan gelen......

30.04.2026 18:21
10k+

Timminiň halas edilişi: örküçli läheň baržada Baltika deňzinden Demirgazyk deňzine göçürilýär

Mart aýyndan bäri Germaniýanyň kenarýakasyndaky ýalpak suwlarda galan Timmi atly örküçli läheňi baržanyň kömegi bilen Demirgazyk deňzine tarap göçürmäge başladylar. Bütin dünýäniň yzarlaýan bu ägirt uly halas......