Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň Müdiriýetiniň mejlisi geçirildi

  • 08.12.2024 11:58
  • 8.9k+

7-nji dekabrda Arkadag şäherinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň ýolbaşçylygynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň Müdiriýetiniň mejlisi geçirildi. Oňa Müdiriýetiň agzalary, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow hem-de Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa gatnaşdylar diýip, TDH habar berýär.

Mejlisiň gün tertibine laýyklykda, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan geçen döwürde alnyp barylan işler; Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň kanunçylyk hukuk namalaryna girizilen üýtgetmeler; Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň sarp edilişi; Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi tarapyndan degişli döwürde alnyp barlan işler hakyndaky hasabatlar diňlenildi we beýleki degişli soraglara seredildi.
Mejlisiň dowamynda Gaznanyň wise-Prezidenti R.Bazarow Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň geçen döwürde ýerine ýetiren işleri, öňde durýan wezipeler barada çykyş etdi.
Şeýle hem Gaznanyň serişdeleriniň hasabyna ýüz tutmalar esasynda näsag çagalara jemi 500-den gowrak, diňe şu ýylyň özünde bolsa 261 sany operasiýalaryň geçirilendigi, köpsanly çagalarda saglygy goraýyş-öňüni alyş barlaglarynyň amala aşyrylandygy we çagalar saglygy goraýyş maksatly serişdeler bilen üpjün edilendigi barada hasabat berdi. 
Gaznanyň hukukçysy M.Hojamberdiýewa kanunçylyk hukuk namalaryna girizilen üýtgetmeler barada hasabat berdi.

B.Hojamberdiýewa Gaznanyň Tertipnamasyna, Gaznanyň ýanyndaky Ýaşulular Geňeşi hakynda Düzgünnamasyna we Gaznanyň Müdiriýetiniň düzümine täzeden seredilendigini hem-de olaryň taslamalarynyň taýýarlanylandygyny habar berdi.
Gaznanyň agzalan resminamalary Gaznanyň esaslandyryjysynyň 2023-nji ýylyň 15-nji aprelinde çykaran 1-nji karary bilen tassyklandy. Gaznanyň işiniň göwrüminiň giňelmegi bilen Tertipnamada kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmek bilen bagly guramaçylyk taýdan işleriň göwrümi hem artýar. Şunuň bilen baglylykda, Tertipnama Gaznanyň Prezidenti tarapyndan wezipä bellenilýän we wezipeden boşadylýan iş birlikleri girizildi. 
Olar Gaznanyň dolandyryş işleri boýunça ýerine ýetiriji direktory – Wise-Prezidenti, Gaznanyň bejeriş işleri boýunça ýerine ýetiriji direktory – Wise-Prezidenti, Gaznanyň önümçilik işleri boýunça ýerine ýetiriji direktory – Wise-Prezidenti wezipelerinden ybarat. Olar Gazna öz ygtyýarlyklarynyň çäginde ýolbaşçylyk edýärler diýlip bellenilip, Tertipnamanyň 13-nji bölegi täze mazmunda beýan edildi.
Girizilen wezipeler bilen bagly Gaznanyň Müdiriýetiniň düzümine gaýtadan seredilip, onuň taslamasy taýýarlanyldy.Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hasabaty diňläp, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň işini kämilleşdirmek hakynda karara hem-de Gaznanyň ýanyndaky Ýaşulular Geňeşi hakynda Düzgünnama gol çekdi. 
Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz kada-kanunçylyga laýyklykda, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň Tertipnamasyny hem-de Müdiriýetiniň düzümini öz karary bilen tassyklaýandygyny aýdyp, degişli resminamalara gol çekdi.
Resminama laýyklykda, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň düzüminde iki sany Wise-Prezident wezipeleri döredildi. Olar Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça hem-de senagat ugry boýunça Wise-Prezidenti wezipelerinden ybaratdyr.
Soňra türkmen halkynyp Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça Wise-Prezidenti wezipesine Oguljahan Atabaýewany, Gaznanyň iş dolandyryjysy wezipesine Hajymyrat Hajymyradowy belledi.
Gaznanyň media habarlar wekili wezipesine Azat Jepbarow bellenildi.
Mejlisiň dowamynda Gaznanyň Müdiriýetiniň agzasy, hasapçysy Ý.Çernowa geçen döwürde gazna tarapyndan ýerine ýetirilen işler, ýurdumyzyň näsag çagalaryna goldaw bermek boýunça geçirilen operasiýalar we dünýäniň dürli ýurtlarynyň heläkçilik zerarly ejir çeken çagalaryna ynsanperwer kömegini ugratmak üçin gönükdirilen maýa serişdeleriniň möçberleri barada hasabat berdi.
Şeýle hem ol häzirki döwürde Gaznanyň hasabyna gelip gowuşýan maliýe serişdeleriniň möçberleri baradaky hasabatyň çäklerinde  2025-nji ýylda haýyr-sahawat maksatly ynsanperwerlik kömekleri üçin meýilleşdirilen serişdeler hakynda hasabat berdi. Munuň özi Gaznanyň hemaýatyna mätäç maşgalalaryň ýüz tutmalary esasynda göz öňünde tutulan serişdeler hökmünde kesgitlenildi. 
Mejlisiň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň direktory, gaznanyň Müdiriýetiniň agzasy M.Öküzowa şu ýylda ýerine ýetiren işleriniň jemleri boýunça hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, merkezde mümkinçiligi çäkli çagalaryň 985-sine dikeldiş bejergisi geçirildi. 
Merkeziň çagalar bagyny şu ýyl jemi 27 çaga üstünlikli tamamlap, olar Arkadag şäheriniň ak mekdeplerine gadam basdylar. Häzirki wagtda bu ýerde 100-e golaý çaga terbiýelenilýär.
Mundan başga-da,  Meýilnama esasynda welaýatlardan we Aşgabat şäherinden gelen çagalar häzirki wagtda dikeldiş bejerginiň ikinji tapgyryny aldylar.
Merkeziň direktory 2025-nji ýyl üçin ýurdumyzyň welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden mümkinçiligi çäkli dikeldiş bejergisine mätäç çagalaryň Meýilnamasyny hödürledi. 
Gurbanguly Berdimuhamedow Müdiriýetiň agzalarynyň teklibi esasynda Gaznanyň bejeriş işleri boýunça Wise-Prezidentini goldaýandygyny aýtdy we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň direktory M.Öküzowa ýüzlenip, Gaznanyň iş meýilnamasyna O.Atabaýewa bilen bilelikde ýene-de bir gezek seretmegi tabşyrdy hem-de ol geljek ýylyň geçiriljek çärelerine laýyk gelse, teklibi goldajakdygyny aýtdy.
Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa häzirki döwürde täze şäherde Halkara Bitaraplyk gününe hem-de Täze ýyl baýramçylygyna görülýän taýýarlyk işleri, baýramçylyk mynasybetli toý sowgatlaryny taýýarlamak babatda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler barada hasabat berdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri täze şäherde guralýan baýramçylyk dabaralarynyň şanly seneleriň ähmiýetine laýyk gelmelidigini, medeni-köpçülikleýin çärelerde halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň, Arkadag şäheriniň okgunly ösüşiniň öz beýanyny tapmalydygyny we baýramçylyk çärelerine Gaznanyň Müdiriýetiniň ähli agzalarynyň işjeň gatnaşmalydygyny belledi we bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi. 


düýn 09:30
1.8k+

Serdar Berdimuhamedow Bolgariýanyň Prezidentini Milli baýramy bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Bolgariýa Respublikasynyň Prezidenti hanym Iliana Ýotowa we ýurduň halkyna milli baýram — Azat ediş güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady...

02.03.2026 23:55
18k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Eýranyň Beýik ruhy Lideriniň aradan çykmagy zerarly gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň adyndan Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkiana we eýran halkyna Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik ruhy Lideri Aýatolla Seýed Ali Hoseýni Hameneýiniň biwagt aradan çykmagy zerarly gynanç hatyny iberdi...

02.03.2026 23:06
5.1k+

Serdar Berdimuhamedow häkimlere ýazky meýdan işleri boýunça tabşyryklary berdi

2-nji martda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk meselelerine gözegçilik edýän orunbasary T. Atahallyýewiň we welaýat häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi...

02.03.2026 16:44
13k+

Türkmenistanyň DIM-i Ýakyn Gündogardaky ýagdaý bilen baglylykda aladalanma bildirdi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Ýakyn Gündogardaky ýagdaýyň ýitileşmegi bilen baglylykda aladalanma bildirýär we onuň bu ýagdaýy düzgünleşdirmek boýunça diplomatik tagallalaryň dowam edýän şertlerinde ýüze çykmagynyň gynanç döredýändigini beýan edýär diýlip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy belleýär...