NASA astronawtlaryň Aýa gonmagynyň möhletini yza süýşürdi

  • 08.12.2024 11:12
  • 1.9k+

NASA Aý missiýalarynyň tertibine gaýtadan seredilendigini habar berdi. 2025-nji ýylyň sentýabr aýyna meýilleşdirilen astronawtlaryň Artemis II-niň çäklerinde Ýeriň hemrasynyň töweregine uçuşy 2026-njy ýylyň aprel aýyna süýşürildi, Artemis III tarapyndan göz öňünde tutulan Aýyň üstüne gonuş bolsa 2027-nji ýylyň ortalaryndan ir bolmaz.

Şeýle gijikdirilmäniň sebäbi ekipažsyz Artemis I missiýasynyň dowamynda ýüze çykan näsazlyklar boldy. Esasy meseleler Orion gämisiniň ýylylyk galkany, akkumulýatory we ýaşaýyş goldaw ulgamy bilen baglanyşykly boldy.

“Bize we biziň pudagymyza, halkara hyzmatdaşlara Orion gämisiniň astronawtlary kosmosa howpsuz eltmäge we Ýere yzyna getirmäge taýýardygyna göz ýetirmek üçin wagt gerek” – diýip, NASA-nyň administratory Bill Nelson aýtdy.

Ýatlap geçsek, 2022-nji ýylyň noýabr aýynda, köpýyllyk gijikdirmeden soň, Orion gämisi bilen ägirt uly Aý raketasy SLS (Space Launch System) ilkinji gezek uçuryldy. Artemis I missiýasy ekipažsyz boldy: gämi Aýyň töweregine uçup, Ýere gaýdyp geldi. Ýöne uçuşyň dowamynda düýpli näsazlyklar ýüze çykdy: gäminiň ýylylyk goragy käbir ýerlerde bölek-bölek bolup gopup başlady, bu hem oduň korpusa ýetmegine ýol açdy. Bu kabinada temperaturanyň ýokarlanmagyna sebäp bolmasa-da, şeýle ýagdaý örän howply hasaplanýar.
Inženerler eýýäm Artemis I-den alnan sapaklara esaslanyp, Artemis III üçin Orion kosmos gämisini ýygnaýarlar we ýylylyk ekranlaryny taýýarlamak prosesini kämilleşdirýärler. Şol bir wagtyň özünde, NASA öň weýran bolýandygyny görkezen ýylylyk ekranyny üýtgetmezlik kararyna geldi. Munuň deregine düşýän agramy azaltmak üçin atmosfera giriş traýektoriýasy düzediler.
Artemis II missiýasy Aýyň töweregine on günlük uçuşy öz içine alar. Hünärmenler hatda täzelenen möhletlere hem potratçylaryň meýilnamadan yza galmagy we býujetiň aşa sarp edilmegi sebäpli gaýtadan seredilip bilinjekdigini bellediler.


19.05.2026 16:54
9.5k+

Suratçy Günüň öňünden geçip barýan uçaryň iň gowy suratyny almak üçin 1,7 million kadr düşürdi

Älem giňişligini surata düşürmekde meşhur suratçy Endrýu MakKarti Günüň edil öňünden geçip barýan uçary we şol pursat Günüň ýüzünde dörän iki sany uly otly tütüni bir kadra sygdyrmak üçin 6 günüň dowamynda 1,7......

15.05.2026 10:31
2.4k+

Özbegistan 2028-nji ýyla çenli älem giňişligine ilkinji kosmonawtyny ibermegi meýilleşdirýär

Özbegistan 2028-nji ýylyň oktýabr aýyna çenli ilkinji özbek kosmonawtyny älem giňişligine ibermegi maksat edinýär. Bu barada Özbekkosmos agentliginiň direktorynyň orunbasary Muhiddin Ibragimow habar berdi.......

30.04.2026 12:08
1.9k+

NASA Aýyň günorta polýusyny öwrenmek üçin dört sany MoonFall dronyny uçurmagy meýilleşdirýär

NASA Aýyň günorta polýusyny öwrenmek üçin MoonFall taslamasynyň çäginde dronlary ulanmagy göz öňünde tutýar. Bu başlangyç täzelenen Artemis maksatnamasynyň bir bölegi bolup, ony razwedka etmek, ylmy barlaglar......

21.04.2026 12:08
3.6k+

Başgalardan 400 km ýokarda bolanlar üçin geýim: Vast Space kosmonawtlar üçin kostýum döretdi

Vast Space kompaniýasy geljekki Haven-1 täjirçilik orbital stansiýasynda, şeýle hem Halkara kosmos stansiýasyna hususy missiýalarda ulanmak üçin astronawtlara  niýetlenen uçuş eşigini görkezdi. Tanyşdyryş......