OPEK+ nebiti gazyp almakda meýletin çäklendirmeleri uzaltdy

  • 08.12.2024 11:08
  • 2.5k+

OPEK+ ýurtlary nebiti gazyp almagy günde 2,2 mln barrel meýletin azaltmagy 2025-nji ýylyň mart aýynyň ahyryna çenli uzaltmak barada ylalaşdylar. 1,65 mln barrel çäklendirmesi bolsa 2026-njy ýylyň ahyryna çenli dowam eder. Bu barada guramanyň saýtynda habar berilýär diýip, RBK belleýär.

“Soňra günde 2,2 mln barrel möçberde korrektirleme bazaryň durnuklylygyny saklamak üçin 2026-njy ýylyň sentýabr aýynyň ahyryna çenli aýlyk esasda kem-kemden ýatyrylar” – diýip, bileleşigiň ministrler duşuşygynyň jemi boýunça bellendi.

Mundan başga-da, OPEK+-yň ähli gatnaşyjylary üçin umumy önümçilik çäklendirmesi 2026-njy ýyla çenli uzaldyldy. BAE üçin kwotanyň günde 300 müň barrel artdyrylmagy, öň meýilleşdirilişi ýaly, 2025-nji ýylyň ýanwar aýyndan däl-de, aprel aýyndan başlar.
RF-niň wise-premýeri Aleksandr Nowakyň bellemegine görä, möhletleriň yza süýşürilmegi gyş döwründe bazaryň durnuksyzlaşmagynyň öňüni almaga gönükdirilendir. Durnuklaşdyryş prosesi 18 aý dowam eder.
OPEK+-a gatnaşyjylar Saud Arabystanyna dünýäniň nebit bazaryny goldamakda goşýan goşandy üçin minnetdarlyk bildirdiler.
Bileleşigiň ýurtlary global nebit önümçiliginiň 40%-den gowragyny emele getirýär.


20.06.2026 11:54
5.3k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.6k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2.1k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......