Ýylyň reýtingi: professional tennisçiler kortda bir sagatda näçe gazanýar we kim öňdebaryjy?

  • 08.12.2024 11:03
  • 3.8k+

Dünýäniň birinji raketkasy Ýannik Sinner 2024-nji ýylda ortaça sagatlyk girdejisi boýunça tennisçileriň reýtinginde birinji orny eýeledi. Italiýaly türgeniň kortda geçirilen bir sagatdaky girdejisi 105,1 müň dollar boldy.

Reýtingi düzüjiler türgenleriň möwsümde gazanan pul baýraklaryny esas hökmünde aldylar. Ortaça sagatlyk girdeji umumy pul baýragyny oýunda geçirilen wagta bölmek bilen hasaplandy.
Ikinji orny sagatda 74 müň dollar girdeji bilen ispaniýaly Karlos Alkaras eýeledi. Üçlügi 47,6 müň dollar gazanan amerikaly tennisçi Teýlor Fris jemleýär.
Reýtingiň ilkinji onlugyna şu aşakdakylar girdi:

  1. Ýannik Sinner (Italiýa) - $105,1 müň
  2. Karlos Alkaras (Ispaniýa) - $74,0 müň
  3. Teýlor Fris (ABŞ) - $47,6 müň
  4. Aleksandr Zwerew (Germaniýa) - $44,3 müň
  5. Nowak Jokowiç (Serbiýa) - $43,8 müň
  6. Daniil Medwedew (Russiýa) - $40,6 müň
  7. Kasper Ruud (Norwegiýa) - $34,1 müň
  8. Andreý Rublýow (Russiýa) - $30,7 müň
  9. Aleks de Minor (Awstraliýa) - $30,1 müň
  10. Stefanos Sisipas (Gresiýa) - $27,0 müň.

16.08.2025 19:04
3.3k+

Türkmen tennisçileri Tailandda geçirilen ýaryşda üç altyn we bir bürünç medal gazandylar

Türkmen türgenleri 14 ýaşa çenli tennisçileriň halkara ýaryşynda üç altyn we bir bürünç medaly gazandylar. Ýaryşlar Tailandyň Nontaburi welaýatynda (Beýik Bankok) Aziýanyň Tennis Federasiýasynyň (ATF) guramagynda geçirildi...

08.08.2025 15:09
3k+

US Open tennis taryhynda iň sahy ýaryş bolar: baýrak gaznasy - $90 mln

Tennis boýunça ABŞ-nyň Açyk çempionatynyň baýrak gaznasy 2025-nji ýylda 90 mln dollara ýeter – bu tennis ýaryşynyň taryhynda täze rekorddyr. Bu barada US Open-iň resmi saýtynda habar berilýär. Erkekleriň we zenanlaryň arasynda ýekelikdäki ýaryşlaryň ýeňijileri 5 mln dollar, finalçylar 3,6 mln dollar alar...

04.08.2025 16:29
4.9k+

Nowak Jokowiç “Le-Man” fransuz futbol klubunyň maýadary boldy

Braziliýanyň OutField wençur gaznasy “Le-Man” fransuz futbol klubunyň egindeş eýesi boldy. Klubuň maýadarlarynyň biri serbiýaly tennisçi Nowak Jokowiç boldy diýlip, toparyň resmi saýtynda habar berilýär. Dünýäniň öňki birinji raketkasyndan başga-da, maýa goýum taslamasyna gatnaşyjylaryň arasynda “Formula-1-iň” öňki iki sürüjisi: braziliýaly Felipe Massa we daniýaly Kewin Magnussen bar...

14.07.2025 07:36
2.6k+

Ýannik Sinner Alkarasy utup, ilkinji gezek “Uimbldonyň” ýeňijisi boldy

Italiýaly tennisçi Ýannik Sinner ispaniýaly Karlos Alkarasy utup, karýerasynda ilkinji gezek “Uimbldon” ýaryşynyň ýeňijisi boldy. Duşuşyk dünýäniň birinji raketkasynyň peýdasyna 4:6, 6:4, 6:4, 6:4 hasabynda tamamlandy...