Garagumda «Rally-reýd» boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi

  • 07.12.2024 17:05
  • 14k+

Türkmenistanda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli dekabryň başynda Garagum sährasynyň çäklerinde awtomobil sportunyň «Rally-reýd» görnüşi boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi.

Garagum sährasynyň Ahal we Balkan welaýatlaryna degişli çäklerinde guralan bu bäsleşige gatnaşyjylar umumy uzynlygy 161 kilometr bolan aralygy geçdiler. 2-nji dekabrda ýoluň 138 kilometri, 3-nji dekabrda galan 23 kilometri geçildi diýip, "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.
Çempionaty Türkmenistanyň Awtomobil sport federasiýasy hem-de Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti gurady.
Garagum sährasynyň çylşyrymly ýol şertlerinde guralan ýaryşa ýurdumyzyň Içeri işler ministrliginiň, «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň we Türkmenistanyň Awtomobil sport federasiýasynyň ýygyndy toparlary gatnaşdylar. Bäsleşik T2 we açyk klaslar ýaly dürli derejelerde geçirildi.
Ýaryşda «Nissan Patrol», «Mitsubishi Pajero» we «Toyota Hiluх» kysymly awtoulaglara erk eden türgenler iň gowy netije gazandylar.
Ýaryşyň jemleri boýunça, T2 klasda netijeler:

  • Birinji orun - «Türkmenawtoulaglary» agentliginden M.Toýlyýew;
  • Ikinji orun - Türkmenistanyň Awtomobil sport federasiýasynyň türgeni M.Daňatarow;
  • Üçünji orun - şol federasiýanyň türgeni M.Abdullaýew.

Açyk klasda:

  • Birinji orun - «Toyota Hiluх» kysymly awtoulagda Ç.Çaryýew;
  • Ikinji orun - Türkmenistanyň Awtomobil sport federasiýasynyň türgeni S.Kulalyýew;
  • Üçünji orun - şol federasiýanyň türgeni Ý.Abaýew.

Ýeňijilere mynasyp bolan sylaglary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.


22.06.2026 17:52
5.2k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......

18.06.2026 14:40
4.5k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

17.06.2026 13:03
17k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

11.06.2026 08:03
3.5k+

Türkmen karateçileri Manilada geçirilen ýaryşda altyn we bürünç medallary gazandy

Filippinleriň paýtagty Manila şäherinde geçirilen «Karate-1 Ýaşlar ligasy» (Karate 1-Youth League) dünýä tapgyrynyň ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, altyn we bürünç medallary gazandy....