HBO esasy taslamalarynyň çykjak senelerini mälim etdi: "Garri Potter" serialy, “Tagt oýunlarynyň” prikweli

  • 07.12.2024 11:19
  • 4.3k+

Amerikanyň HBO teleýaýlymy “Garri Potteriň” serial uýgunlaşmasy bilen “Tagt oýunlary” prikweliniň - “Ýedi Şalygyň Rysary” ýaly sabyrsyzlyk bilen garaşylýan taslamalarynyň goýberiljek senesini takyklady. Bu barada Warner Bros. halkara striming bölüminiň ýolbaşçysy Žan-Briak Perrettä salgylanýan Variety habar berýär.

Geljek ýylyň fewral aýynda “Ak Lotos” komediýa serialynyň täze möwsümi çykar. Ýazda apokaliptikden soňky “Biziňkilerden biri” (Last of us) serialynyň ikinji möwsümine garaşylýar, awgust aýynda “Parahatçylyk dörediji” filminiň ikinji möwsümi çykar.
“Ýedi şalygyň rysarynyň” ilkinji görkezilişi 2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde bolar. Muňa ugurdaşlykda, “Tagt oýunlarynyň” dünýäsine esaslanýan çeper filmiň üstünde işlemek dowam edýär. 
“Eýforiýanyň” üçünji möwsümi 2026-njy ýylda çykar.
“Garri Potteriň” esasynda döredilen teleserial bolsa 2027-nji ýyldan öň çykmaz. Kompaniýa henizem esasy keşpler üçin kasting geçirmegini dowam edýär.

“2026-njy we 2027-nji ýyllar barada aýdanymyzda,“Garri Potter” seriýasynyň 10 ýyllyk syýahaty başlanar, muňa biz gaty tolgundyrýarys. Taslamanyň biziň üçin möhüm tapgyr bolup biljekdigini aýdýaryn "- diýip, Warner Bros-yň wekili mälim etdi.

Mundan ozal bu kanal 2025-nji ýylda Max-da çykjak taslamalaryň bildirişleri bilen wideo hödürledi. Bularyň arasynda “We ýöne şeýle” (“И просто так”), “Taýýarlyk” (“Репетиция”), “Altyn çaýylan asyr” (“Позолоченный век”) we “Takwa Jemstounlar” (“Праведные Джемстоуны”) seriallaryndan bölekler bar. Şeýle hem “Kommandos monstrlar” multserialynyň we “Derrä hoş geldiňiz” (“Оно: Добро пожаловать в Дерри”) serialynyň ilkinji görkezilişlerine garaşylýar.


düýn 22:06
840

83-nji Wenesiýa kinofestiwalynyň eminler düzümi yglan edildi

83-nji Wenesiýa halkara kinofestiwalynyň guramaçylary esasy bäsleşigiň eminler düzümini yglan etdi....

21.06.2026 10:41
1.9k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

19.06.2026 20:14
4.7k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

19.06.2026 11:08
3k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......