Niderlandlaryň Gran-prisi 2026-njy ýyldan soň “Formula-1-iň” senenamasyndan aýrylar

  • 07.12.2024 08:42
  • 1.7k+

Zandwortda geçirilýän Niderlandlaryň Gran-prisi 2026-njy ýyl möwsüminden soň “Formula-1-iň” senenamasynyň bir bölegi bolmagyny bes eder. Niderlandlaryň Gran-prisiniň guramaçylary tapgyry aýyrmak kararyna geldiler diýip, çempionatyň metbugat gullugy habar berýär.

“Köp oýlanyşykdan we maslahatlaşmadan soň, guramaçylar 2026-njy ýyldan soň tapgyry senenamada galdyrmazlyk kararyna geldiler” – diýlip, resmi beýanda aýdylýar.

Zandwort awtodromyndaky ýaryş ilkinji gezek 1948-nji ýylda geçdi we arakesmeler bilen 1985-nji ýyla çenli geçirildi. Britaniýaly ýaryşa gatnaşyjy Jim Klark bu ýerde dört gezek ýeňiş gazandy.
Gran-pri 2021-nji ýylda senenama gaýdyp geldi. Bu döwürde niderlandly çempion Maks Werstappen ýerli ýolda geçirilen dört ýaryşyň üçüsinde ýeňiş gazandy. Ýöne häzirki möwsümde ýeňiji britaniýaly Lando Norris boldy.


19.06.2026 19:42
1.6k+

Lýuis Hemilton "Ferrari-ä" geçeni bäri ilkinji ýeňşini gazandy

«Ferrari» toparynyň sürüjisi Lýuis Hemilton «Formula-1-iň» Ispaniýa Gran-pri tapgyrynyň ýeňijisi boldy....

09.06.2026 07:51
4.5k+

19 ýaşly Antonelli Monakonyň Gran-prisinden ýeňiş gazandy: bu onuň yzly-yzyna bäşinji ýeňşi

«Mercedes» toparyndan çempionatyň lideri Andrea Kimi Antonelli 2026-njy ýylyň Formula-1 möwsüminiň altynjy tapgyry bolan Monakonyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy. Ýaryş 7-nji iýunda Monte-Karlo şäheriniň......

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....

05.05.2026 15:03
4.5k+

Abu-Dabidäki attraksion 4,9 sekuntda 240 km/sag tizlik bilen Ginnese girdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki «Ferrari World» seýilgähinde ýerleşýän «Formula Rossa» attraksiony dünýäniň iň çalt attraksiony hökmünde ykrar edildi....