Aşgabatda daşary ýurt dillerini öwretmegiň innowasion usullary boýunça halkara maslahat geçirildi

  • 06.12.2024 20:42
  • 3.2k+

5-6-njy dekabrda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda «Daşary ýurt dillerini öwretmegiň innowasion usullary we tehnologiýalary» atly iki günlük halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu barada TDH habar berdi.

Utgaşykly görnüşde geçirilen foruma Türkmenistanyň, şeýle-de daşary ýurtlaryň 30-dan gowragyndan dil bilimi hem-de daşary ýurt dillerini öwretmek boýunça iş alyp barýan professor-mugallymlar, bilermenlerdir hünärmenler, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşdylar.
Forumyň gün tertibine daşary ýurt dillerini okatmagyň ileri tutulýan ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk etmegiň, täze, döwrebap usullary ulanmagyň, alyş-çalyş maksatnamalary esasynda bilim bermegiň meseleleri girizildi. Plenar mejlisde çykyş edenler şu gezekki maslahatyň bu ugurda netijeli gatnaşyklary ýola goýmak üçin meýdança bolmak bilen, Türkmenistanyň we beýleki döwletleriň daşary ýurt dilleri boýunça hünärmenleriniň arasyndaky ylmy dialogy giňeltmäge mümkinçilik döredýändigini bellediler.
Dil bilimi babatda fransuz-türkmen hyzmatdaşlygyna, iňlis dilini öwretmegiň usullaryna, daşary ýurt dillerini öwretmekde inklýuziw tejribelere we edebiýatyň ornuna bagyşlanan çykyşlar diňlenildi. Daşary ýurtly myhmanlar ussatlyk sapagyny geçdiler we türkmen kärdeşlerini, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny daşary ýurt dillerini okatmak boýunça öz alyp barýan işleri bilen tanyşdyrdylar. Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyplarynyň taýýarlan «Medeniýet halkyň kalbydyr» atly konserti foruma gatnaşyjylar we onuň myhmanlary üçin döredijilik sowgady boldy.
6-njy dekabrda forumyň işi «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmekde ýetilen sepgitler», «Dilleri okatmagyň lingwodidaktik esaslary», «Dilleri öwretmegiň döwrebap usullary we tehnologiýalary», «Daşary ýurt dillerini okatmak ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk», «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynyň çäklerinde dilleri okatmagyň usulyýetiniň wezipeleri» atly mowzuklaýyn bölümçeleriň 5-sinde dowam etdi. Mundan başga-da, daşary ýurt dillerini öwretmegiň milli we dünýä tejribesini ara alyp maslahatlaşmak boýunça «tegelek stol» duşuşygy geçirildi.
Daşary ýurtly myhmanlar üçin «Berkarar», «Arkaç» söwda-dynç alyş merkezlerine, paýtagtymyzyň muzeýlerine, «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyna baryp görmegi öz içine alýan giň gerimli medeni maksatnama taýýarlanyldy.


23.06.2026 18:58
2.7k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.7k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......

19.06.2026 11:24
5.7k+

Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanda «Ýylyň talyby» boldy

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Halkara ykdysadyýet we menejment fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen......

16.06.2026 14:46
4.4k+

HHR-iň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerinde okamak üçin resminamalar kabul edilýär

Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2026/2027-nji okuw ýyly üçin Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerine ýokary hünär bilimi (bakalawr) maksatnamasy boýunça seçip alyş......