Stiwen King radio ýaýlymlaryny ýapar: olaryň biri baryp 100 ýyl bäri işleýärdi

  • 06.12.2024 15:27
  • 2.8k+

Ýazyjy Stiwen Kingiň we aýaly Tabitanyň eýeçiligindäki üç sany radiostansiýa maliýe kynçylyklary sebäpli ýaýlymyny bes eder. Bu barada “Independent” habar berýär.

WKIT-FM, WZON-AM we WZLO-FM radio stansiýalary ABŞ-nyň Men ştatynda işleýär. Olar ZONE korporasiýasynyň bir bölegidiler.
Ýazyjy onlarça ýyl bäri garaşsyz radiostansiýalary halas etmäge synanyşýar. Ýöne maliýe ýagdaýy kynlaşandan soň, dekabr aýynyň ahyrynda olar diňleýjileri bilen hoşlaşmaly bolarlar.

“Ýurduň ähli künjegindäki radiolar ägirt uly ýaýlym korporasiýalary tarapyndan ýuwudylýan döwründe (syýasy, gyzykly däl gepleşikleriň goýberilýän döwründe) maňa ýerli, garaşsyz stansiýalaryň (gyzykly gepleşikleri ýaýlyma goýberýän radio stansiýalaryň) eýesi bolmak lezzet berýärdi (şol ýyllaryň dowamynda). Men bu ýerde goýberilýän şeýle gepleşikleri diňlemäge her gün gatnaýan adamlary halaýardym, olar radioda çykyş edip adamlary güýmeýärdiler, zähmetiň işjeňligine goldaw bolýardylar we ýerli mahabatçylara müşderileri bilen habarlaşmaga mümkinçilik berýärdiler" diýip, King teswirledi.

King ilkinji stansiýany 1983-nji ýylda satyn aldy. Ilkinji üstünlikli kitaplaryndan biri bolan "Öli meýdan" romanynyň hormatyna oňa täze at berdi - WZON. Bu radio stansiýasy 98 ýyl ýaýlyma berildi we retro formatda işledi diýip, daily.afisha.ru habar berýär.
Soňra dünýä belli ýazyjy ýene iki stansiýanyň eýesi boldy: olar "Stiwen Kingiň rok nokady" ady bilen tanalýan WKIT-FM we alternatiw aýdym-saz bilen meşgullanýan WZLO stansiýalardyr.

“Garaşsyz, ýerli radiostansiýalar adaty zatdy. Men şäherinde bary-ýogy birnäçe adam galdy we bu üç radio stansiýasyny şunça wagtlap saklandygymyz üçin özümizi bagtly saýýarys" diýip, stansiýanyň baş menejeri Ken Wud aýtdy.


düýn 16:26
3.4k+

ABŞ-nyň kazyýeti iş wizalary üçin 100 müň dollarlyk tölegi ýatyrdy

ABŞ-nyň federal kazyýeti prezident Donald Trampyň administrasiýasy tarapyndan H-1B wizalaryny almak üçin arza berilende girizilen 100 müň dollarlyk mejbury tölegi kanunalaýyk däl diýip ykrar etdi. Bu barada......

düýn 07:46
1.1k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.1k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....

09.06.2026 08:41
1.4k+

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....