“Gotem-2024” kino baýragynyň laureatlary yglan edildi: “Başga adam” iň gowy film boldy

  • 06.12.2024 15:12
  • 1.7k+

Nýu-Ýorkda “Gotem” baýragynyň (Gotham Awards) 34-nji gowşurylyş dabarasy geçirildi. Onda ýylyň iň gowy filmi hökmünde režissýor Aaron Şimbergiň “Başga adam” (Другой человек) dramasy saýlandy diýip, Variety habar berýär.

Filmde baş keşbi Sebastian Sten ýerine ýetirdi. Oktýabr aýynda çykan film plastiki operasiýa etdirmek kararyna gelen we şol sebäpli durmuşynda iň möhüm roluny ýitirip, öňki keşbine gaýdyp gelmäge synanyşýan aktýoryň wakasyny gürrüň berýär.
“Sing-Sing” (Синг-Синг) dramasy Kolman Domingonyň (iň gowy erkek keşbi) we Klerens Mekliniň (iň gowy ikinji derejeli rol) aktýorlyk işleri üçin iki baýrak aldy. Şeýle-de, “Nikeliň” oglanlary” (Мальчишки из “Никеля”) sosial dramasy iki baýrak aldy – režissýorlyk üçin RaMell Moss we “aktýorlyk öňegidişligi” nominasiýasynda Brendon Uilson.
Iň gowy halkara film “Bize yşyk bolup görünýän zatlar” (Всё, что нам кажется светом) hindi dramasy boldy, bu film maý aýynda Kann kinofestiwalynyň Gran-prisini alypdy.
Iň gowy dokumental film Ýakyn Gündogarda dowam edýän dawa-jenjeller baradaky “Başga ýer ýok” (Нет другой земли) kartinasy boldy. “Iň gowy ssenariý” üçin “Onuň üç gyzy” (Три его дочери) dramasynyň awtory Azazel Jeýkobs bellendi. “Iň gowy režissýorlyk öňegidişligi” nominasiýasynda supergahrymanlyk filmine öýkünme bolan “Halk Jokerini” (Народный Джокер) düşüren Wera Drýu sylaglandy.
Nominasiýa boýunça lider bolan “Anora” (Анора) filmi ýekeje-de heýkel alyp bilmedi.
Hormatly baýraklaryň eýeleri Anjelina Joli, Timoti Şalame, Zendeýa we Deni Wilnýow boldy.
“Gotem” baýragy Nýu-Ýorkda, 1807-nji ýylda ýerli ýazyjy Waşington Irwing tarapyndan ilkinji gezek Gotem diýlip atlandyrylan şäherde garaşsyz filmleri döredijilere berilýär. Baýrak üçin dalaşgärler kino tankytçylarynyň, žurnalistleriň, festiwal programmistleriniň we film kuratorlarynyň komitetleri tarapyndan saýlanýar. Bu baýrak bilen ABŞ-da 2024/25 kinobaýrak möwsümi resmi taýdan başlaýar.


düýn 23:20
416

«Mumiýa 4» filminiň premýerasy has irki möhlete geçirildi

Universal Pictures kompaniýasy geljekki çykaryljak filmleriniň tertibini üýtgetdi. Hususan-da, «Mumiýa» filminiň dördünji bölümi meýilleşdirileninden has ir ekrana çykar....

düýn 14:33
1.9k+

Almodowaryň, Farhadiniň we Hamagutiniň gatnaşmagynda 79-njy Kann kinofestiwaly açyldy

12-nji maýda 79-njy halkara Kann kinofestiwaly öz işine başlady. Esasy bäsleşige 22 film girip, olaryň arasynda dünýä belli režissýorlaryň işleri we kinematografiýanyň täze ugurlaryny hödürleýän awtorlaryň......

12.05.2026 23:04
2.4k+

Jeýms Kemeron bilen Billi Aýlişiň 3D-filmi prokata çykdy

Režissýor Jeýms Kemeronyň hem aýdymçy Billi Aýlişiň bilelikdäki taslamasy – aýdymçynyň Mançesterdäki «Hit Me Hard and Soft: The Tour» atly konsertli syýahatyna bagyşlanan 3D-filmi dünýä prokatyna çykdy....

11.05.2026 15:25
1.4k+

«Ýetginjeklik döwri» mini-serialy BAFTA TV 2026 baýragynyň 4-üsini aldy

Londonda «Emmi» baýragynyň Britaniýadaky meňzeşi bolan BAFTA TV Awards baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Agşamyň esasy baýrak eýesi «Ýetginjeklik döwri» mini-serialy boldy – bu serial birbada dört sany......