Tesla-dan rekord: hiç bir kompaniýa şular ýaly gysga möhletde şeýle gymmatlamandy

  • 06.12.2024 15:21
  • 5.8k+

Tesla dünýä bazarlarynda kapitalizasiýasyny rekord tizlik bilen ýokarlandyryp, dünýäde iň çalt ösýän kompaniýalaryň birine öwrüldi. 2024-nji ýylyň noýabr aýynda ol 38,1% gymmatlap, 1,1 trln dollara ýetdi diýip, investing portaly habar berýär.

Bazaryň başga-da birnäçe iri oýunçylaryna bazardaky ornuny berkitmek başartdy. Mysal üçin, ýetip gelýän baýramçylyklar bilen baglanyşykly optimizmiň netijesinde Walmart öz kapitalizasiýasyny 12,9% ýokarlandyrdy. Indi dünýäde iň uly lomaý we bölek söwda ulgamlarynyň birine eýe bolan kompaniýanyň bahasy 743,5 mlrd dollara barabar.
JPMorgann Chase transmilli maliýe konglomeraty 12,5% ösüş görkezdi, kapitalizasiýa bolsa 703 mlrd dollara ýetdi.
Bölek söwdanyň ösüşinden peýdalanyp, Amazon hem öz bazar bahasyny 11,5% artdyrdy, indi Jeff Bezosyň kompaniýasynyň bahasy 2,2 trln dollara deň. Visa 8,3% ösüş görkezip, bahasyny 617,5 mlrd dollara çenli artdyrdy.
Şol bir wagtyň özünde, bazaryň käbir iri gatnaşyjylary kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Mysal üçin, Taiwan Semiconductor Manufacturing Company (TSMC) ABŞ-nyň häkimiýetleriniň Hytaýa ösen mikroshemalary ibermegi bes etmegi talap edendigi baradaky habarlaryň esasynda bahasynyň 5,1%-ini ýitirip, 793,5 mlrd dollara çenli peseldi. Emeli aň pudagynda öňdebaryjylaryň biri bolan Nvidia hem ösüşini haýallatdy. Noýabr aýynda kompaniýa bahasyna +3,9% goşdy we bu oktýabrdaky 9,3%-den ep-esli pesdir.


düýn 18:36
3.1k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

düýn 17:04
2.3k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

29.05.2026 23:38
3.6k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......