Er-Riýadda täze metro açyldy: onuň açylyşy 2021-nji ýyldan bäri yza süýşürilýärdi

  • 06.12.2024 14:39
  • 6.6k+

2024-nji ýylyň 1-nji dekabrynda Saud Arabystanynyň paýtagty Er-Riýadda täze metro işe başlady. Bu metro Mekgeden soň ýurduň ikinji metrosydyr. Metro ulgamy 85 stansiýany we 176 kilometr ýoly öz içine alar diýip, TASS habar berýär.

Häzirki wagtda metronyň 3 şahasy işleýär: “gök”, “sary” we “benewşe”. Öňümizdäki hepdelerde onuň ýene iki şahasy açylar: “gyzyl” we “ýaşyl”, 2025-nji ýylyň ýanwar aýynda bolsa “mämişi” şahasy peýda bolar.
Taslamany durmuşa geçirmäge iri halkara kompaniýalary gatnaşdy.
Metronyň gurluşygy üç tapgyra bölündi. Bahasy 9,45 milliard dollar bolan birinji segment iki şahany öz içine alýar. Bu segment Amerikanyň Bechtel kompaniýasy bilen Germaniýanyň Siemens we Amerikanyň Aecom kompaniýalarynyň gatnaşmagynda gurulýar.

7,82 milliard dollarlyk Ikinji segment 3 sany umumy şahany öz içine alýar. Bu segment Ispaniýanyň Fomento de Construcciones kompaniýasy bilen fransuz Alstom we Samsung kompaniýalarynyň gatnaşmagynda gurulýar.
Iň soňky segmentiň gurluşygyna 5,21 milliard dollar gerek boldy, taslama Italiýanyň Ansaldo we Kanadanyň Bombardier we Hindistanyň Larsen & Toubro kompaniýalary tarapyndan durmuşa geçirilýär.


20.03.2026 11:19
11k+

Saud Arabystanynda Dünýä çempionaty — 2034 üçin ägirt stadionyň gurluşygy görkezildi

Saud Arabystanynda Kiddiýadaky şazada Muhammet bin Salmanyň köpugurly stadionynyň gurluşygyndan täze suratlar hödürlendi. Bu stadion 2034-nji ýylda geçiriljek futbol boýunça dünýä çempionatynyň esasy meýdançalarynyň biri hökmünde görülýär...

10.03.2026 13:50
8.9k+

Dubaý, Jidda we Abu-Dabi şäherlerine gatnawlar aprele çenli ýatyryldy

Eýran Yslam Respublikasynyň howa giňişligindäki çäklendirmeler sebäpli, uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen «Türkmenistan» awiakompaniýasy 2026-njy ýylyň 9-njy martyndan 1-nji apreline çenli aşakdaky...

20.02.2026 11:25
2.4k+

Saud Arabystanynyň Humain kompaniýasy Maskyň xAI-na $3 mlrd maýa goýýar

Saud Arabystanynyň emeli aň pudagynda ýöriteleşen Humain kompaniýasy Ilon Maskyň xAI startapyna 3 milliard dollar maýa goýdy.  Bu maýa goýumy xAI-iň SpaceX tarapyndan satyn alynmagyndan az wagt öň tamamlanan 20 milliard dollarlyk maliýeleşdiriş tapgyrynyň çäginde durmuşa geçdi...

19.02.2026 18:49
13k+

Saud Arabystany Türkmenistana 5 tonna hurma gowşurdy

2026-njy ýylyň 18-nji fewralynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Aşgabatdaky Ilçihanasynda ýetip gelen Oraza aýy mynasybetli ynsanperwerlik sowgadyny gowşurmak dabarasy boldy. Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri, Saud Arabystanynyň Patyşasynyň adyndan Türkmenistanyň hökümetine hijri senenamasynyň 1447-nji ýylynyň hasyly bolan 5 tonna hurma gowşuryldy...