ABŞ-ly alymlar agramsyzlyk şertlerinde elektronikany bejermek üçin 3D printer döretdiler

  • 06.12.2024 14:30
  • 3.5k+

ABŞ-ly alymlaryň topary dartyş güýjüniň ýok şertlerinde elektron shemalary abatlamaga ukyply 3D printeri döretdi. Phys.org neşiriniň habar bermegine görä, enjam NASA-nyň uçýan barlaghanasynyň bortunda üstünlikli synag edildi.

Barlaga Aýowa ştatynyň uniwersitetinden Şan Szýan bilen Wiskonsin-Medison uniwersitetinden Hantan Sin ýolbaşçylyk etdi. Printer 2-gidroksietilsellýuloza biopolimerine esaslanýan ýörite elektrik geçiriji syýany ulanýar.
Enjam NASA-nyň uçarynyň bortunda gysga wagtlyk mikrograwitasiýa şertlerinde synag edildi. Netijeler ýokary çözgütli elektrik zynjyrlaryny döretmegiň we bejermegiň mümkindigini tassyklady.
Alymlaryň sözlerine görä, tehnologiýa kosmosda mikroelektronikany döretmek we bejermek üçin täze mümkinçilikleri açar. Geljekde şeýle printerleri orbital stansiýalarda we kosmos gämilerinde ulanmak meýilleşdirilýär.
Barlagyň indiki tapgyry 3D çap usulynda ýarymgeçirijileri işläp taýýarlamakdan ybarat bolup, bu kosmos missiýalaryny Ýere hasam garaşsyz eder.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....