Germaniýada suratsyz surat auksiona çykaryldy: ol 1,5 mln ýewro satylýar

  • 05.12.2024 20:25
  • 12k+

Mýunhendäki (Germaniýa) Ketterer auksion öýi amerikaly suratkeş Robert Raýmanyň suratyny auksiona çykardy. “General 52×52” eseri suratsyz, doly ak syrça bilen boýalan suratdyr.

Deslapky hasaplamalara görä, bu sungat eseri 1-1,5 mln ýewro satylyp bilner.
Raýman 1930-njy ýylda Neşwillde doguldy we 1950-nji ýyllarda suratkeş karýerasyna başlady. Ol minimalizm we abstrakt ekpressionizm stillerinde işläp, tomaşaçylaryň ünsüni tekstura we jikme-jikliklere gönükdirdi. Ol ýörite suratkeşlik ugrundan bilim almady. Güýmenje hökmünde žiwopis bilen meşgullanmazdan ozal, ol jaz pianinoçysydy hem-de Nýu-Ýorkda (ABŞ) Häzirkizaman sungat muzeýinde gözegçi bolup işledi.
“General 52×52” suraty 1970-nji ýylda minimalistik eserleriň bir bölegi hökmünde döredildi. Umuman aýdanyňda, Raýman şol bir üstde şol bir reňki ulanyp, birnäçe surat eserini döretdi. Şolardan ilkinjisi gofrirlenen gaty kagyzda ak syrça bilen çekilen eserler ýygyndysy boldy. 
Auksion öýüniň wekilleriniň pikiriçe, hut bu surat Raýmanyň döredijiliginiň esasy ýörelgelerini görkezýär: analitiki çemeleşme, ideal konseptual ýönekeýlik we esasy täsirli serişde hökmünde ak reňkiň ulanylmagy.
Raýmanyň döredijiligi häzirkizaman sungatynyň kolleksionerleri üçin gyzyklanma predmetidir. Onuň birnäçe işi eýýäm millionlarça dollara satyldy. Suratkeş 2019-njy ýylda 88 ýaşynda aradan çykdy.


düýn 21:06
5.8k+

Nemes inženerleri betonyň ýerine plastik we toprak ulanyp, köpri gurýarlar

Germaniyada awtomobil köprülerini gurmagyň täze usuly ulanylyp başlandy, onda adaty demir-beton gurnamalaryň ýerine dykyzlandyrylan toprak we plastik torlar ulanylýar....

16.05.2026 09:28
5.4k+

Germaniýadaky taşlanan metallurgiýa zawody sungat meýdançasyna öwrüldi

ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girýän Germaniýanyň «Fölklinger Hýutte» senagat toplumynda «Urban Art Biennale 2026» atly köçe sungatynyň sergisi açylýar. Bu gyzykly çäre dünýäniň 17 ýurdundan gelen......

30.04.2026 18:21
10k+

Timminiň halas edilişi: örküçli läheň baržada Baltika deňzinden Demirgazyk deňzine göçürilýär

Mart aýyndan bäri Germaniýanyň kenarýakasyndaky ýalpak suwlarda galan Timmi atly örküçli läheňi baržanyň kömegi bilen Demirgazyk deňzine tarap göçürmäge başladylar. Bütin dünýäniň yzarlaýan bu ägirt uly halas......

23.04.2026 22:41
3.8k+

Germaniýada bir adam ChatGPT-niň kömegi bilen kazyýet işini utdy

Germaniýada emeli aňdan peýdalanyp, kazyýetde özüni aklamagy başaran adam barada täsin waka hasaba alyndy. Leýpsig şäheriniň ýaşaýjysy Dawid Hins öz goranyş çäresini ChatGPT neýroulgamynyň kömegi bilen......