Sony ulanyjylary PlayStation-da ýylyň iň gowy oýnuna ses bermäge çagyrýar

  • 05.12.2024 20:18
  • 3.2k+

Sony korporasiýasy PlayStation.Blog-da ýyllyk ses berişligiň başlanandygyny habar berdi. Ulanyjylar 2024-nji ýylyň iň gowy oýunlaryny saýlap bilerler.

Wideo oýunlary söýüjiler “PS4 üçin iň gowy oýun”, “PS5 üçin iň gowy oýun”, “Ýylyň studiýasy” we “Iň köp garaşylýan oýun” ýaly 19 kategoriýada ýeňijileri saýlaýarlar.
Hususan-da, “PS4 üçin iň gowy oýun” nominasiýasynda, beýlekiler bilen bir hatarda, “Call of Duty: Black Ops 6”, “Crow Country”, “Like a Dragon: Infinite Wealth”, “NBA 2K25”, “Prince of Persia: The Lost Crown”, “Sand Land”, “Sonic X Shadow Generations”, “Vampire Survivors” bäsleşýär.

“PS5 üçin iň gowy oýun” kategoriýasynda ýeňiş üçin “Astro Bot”, “Avatar: Frontiers of Pandora”, “Black Myth: Wukong”, “Call of Duty: Black Ops 6”, “Dragon Age: The Veilguard”, “EA Sports College Football 25”, “Final Fantasy VII Rebirth”, “LEGO Horizon Adventures”, “Like a Dragon: Infinite Wealth, “Prince of Persia: The Lost Crown”, “Rise of the Rōnin”, “Sand Land”, “Silent Hill 2”, “Star Wars Outlaws”, “Tekken 8” ýaly oýunlar dalaş edýär.

Ses bermek 14-nji dekabra çenli dowam eder.
Ähli isleg bildirýänler PlayStation.Blog sahypasyna girip, gatnaşyp biler. Bu ýerde dalaşgärleriň doly sanawy görkezilýär we her nominasiýada öz dalaşgäriňi-de goşup bolýar.


11.06.2026 23:54
1.5k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

08.06.2026 16:23
1.9k+

Sony Kratosyň aýaly Feýiň başdangeçirmeleri barada God of War Laufey oýnuny çykarar

Sony kompaniýasy God of War älemine degişli bolan täze God of War Laufey oýnuny resmi ýagdaýda yglan etdi. Bu täze taslamanyň baş gahrymany Kratosyň aýaly we Atreýiň ejesi Feý bolar. Oýun State of Play......

27.05.2026 15:37
1.5k+

Sony Pictures-i anime taslamalary halas etdi

Sony Pictures Entertainment 2026-njy ýylyň 31-nji martynda tamamlanan maliýe ýyly boýunça hasabat berdi. Hasabatda aýdylyşyna görä, bölümiň girdejisi geçen ýylky derejesinde galyp, 9,92 milliard dollar boldy......

07.05.2026 11:00
1.5k+

Sony Tarantinonyň Jango bilen Zorronyň duşuşygy hakyndaky komiksini ekranlaşdyrýar

Sony Pictures kinostudiýasy «Azat edilen Jango» («Джанго освобожденный») we «Zorronyň nykaby» («Маска Зорро») filmleriniň gahrymanlarynyň resmi krossoweri boljak «Jango/Zorro» atly filmiň üstünde işläp başlady....