Hyundai we Kia kyn şertlerde işlemegi ýeňilleşdirmek üçin ekzoskelet hödürlediler

  • 05.12.2024 12:42
  • 10k+

Hyundai Motor Company we Kia Corporation bilelikde X-ble Shoulder ekzoskeletini döretdiler. Ol dürli pudaklarda işleýänlere çylşyrymly iş wezipelerini ýerine ýetirenlerinde egne we myşsalara düşýän agramy azaltmaga kömek eder diýip, New Atlas habar berýär.

Enjam awtoulagyň aşagyndaky näsazlyklary bejerýän mehanik ýa-da jaýyň petiginiň işlerini ýerine ýetirýän gurluşykçy ýaly, ýokary seredip işlemegi talap edýän wezipelerde ulanmak üçin niýetlenendir. Täze ekzoskelet ammarlarda agyr zatlary göterip ýokarda goýmak üçin hem peýdaly bolup biler. Bu enjamyň kömegi bilen işçiler az zähmet sarp edip we saglyga howp salmazdan öz borçlaryny ýerine ýetirip bilerler.
X-ble Shoulder egne düşýän agramy 60%, myşsalaryň dartylmagyny 30% azaldar. Ol uglerod birleşmesinden ýasalan, agramy 1,9 kg we myşsalaryň öwezini doluş mehaniki ulgamy bolany sebäpli zarýad bermegi talap etmeýär. Işläp düzüjiler ekzoskeletiň ýylda 700 müň aýlawa çydap biljekdigini tassyklaýarlar.
Toplumda mehaniki komponentleri arassalamak ýa-da olaryň işini sazlamak  zerur bolanda, aňsatlyk bilen çykaryp bolýan ýumşak žilet bar.
Alyjylara iki wersiýa hödürlener: standart (2,9 kg kömekçi güýç) we sazlanyp bilinýän (3,7 kg çenli).
Öndürijileriň pikirine görä, X-ble Shoulder diňe bir gurluşykda we awtoulag önümçiliginde däl, eýsem awiasiýada, gämi gurluşygynda we oba hojalygynyň dürli pudaklarda-da peýdaly bolar.
X-ble Shoulder geljek ýylyň başynda Günorta Koreýada Hyundai-ýyň we Kia-nyň önümçilik zawodlarynda we tehniki hyzmat ediş nokatlarynda ulanylyp başlanar. Enjamy 2026-njy ýylda halkara bazarlaryna çykarmak meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, Hyundai we Kia agyr ýük göterilýän işler (X-ble Bel) we lukmançylyk maksatlary (X-ble MEX) üçin ekzoskeletleri işläp taýýarlaýar.
Täze önümleriň bahasy entek aýan edilmedi.


düýn 11:15
1.9k+

Xiaomi «Madrid» diýen wagtlaýyn at bilen täze telefon çykarmaga taýýarlanýar

Xiaomi kompaniýasynyň «Madrid» diýen gizlin atly täze smartfony ilkinji gezek halkara ykjam enjamlaryň (GSMA IMEI) maglumatlar gorunda peýda boldy. Bu ýagdaý täze telefonuň tiz wagtda satuwa çykaryljakdygynyň......

düýn 07:37
2.5k+

Google Earth-de mugt awiasimulýator peýda boldy: planetanyň üstünden uçup bolýar

Google Earth platformasy göni brauzeriň içinde wirtual uçary dolandyrmaga we dünýäniň dürli sebitlerini uçuş belentliginden synlamaga mümkinçilik berýän mugt awiasimulýatora elýeterliligi açdy....

15.06.2026 12:29
1.2k+

Suwasty robotlar suwuň astynda lazer şöhleleri arkaly zarýadlanylar

Amerikanyň NUBURU kompaniýasy we Italiýanyň SunCubes kompaniýasy lazerleriň kömegi bilen suwuň astynda simsiz energiýa geçiriji ulgamy işläp taýýarlap başladylar. Ol awtonom suwasty enjamlary, datçikleri we......

15.06.2026 08:07
1.4k+

Visa öz töleg ulgamyny ChatGPT-ä çatdy

Visa öz töleg ulgamyny ChatGPT bilen utgaşdyrdy. Bu bolsa çat-bota ulanyjylaryň adyndan özbaşdak haryt saýlamaga we söwda amallaryny resmileşdirmäge mümkinçilik berer....