40 ýaşly Horhe Maswidal oktagona gaýdyp geljek wagtyny mälim etdi

  • 04.12.2024 20:45
  • 16k+

MMA-nyň amerikaly söweşijisi Horhe Maswidal 2025-nji ýylyň aprelinde UFC gaýdyp barmagy meýilleşdirýär. Bu barada 40 ýaşly türgen Fight Back podkastynda habar berdi.

“Geljek ýylyň aprelinde men UFC gaýdyp gelerin. Entek garşydaşymyz ýok. Dekabr aýynda belli bolar diýip umyt edýärin. Aprel, Maýamidäki kard"- diýip, Maswidal mälim etdi.

Maswidal UFC-de 2013-2023-nji ýyllar aralygynda çykyş etdi. On ýylyň dowamynda köp söweşe gatnaşdy, iki gezek orta agram derejesinde çempionlygy almak ugrunda göreşdi, ýöne iki gezekde hem Kamaru Usmandan ýeňildi. Onuň ýeňen garşydaşlarynyň içinde Neýt Diaz, Ben Askren, Darren Till, Donald Serrone we Maýkl Kýeza ýaly meşhur atlar bar.
Geljek baharda boljak söweşi Maswidalyň soňky iki ýyldaky ilkinji söweşi bolar.


26.06.2026 23:43
7.8k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

24.06.2026 18:18
5k+

UFC Drikus dýu Plessi bilen Kamaru Usmanyň duşuşygyny yglan etdi

UFC-niň orta agram derejesindäki öňki çempiony Drikus dýu Plessi guramanyň ýarym orta agram derejesindäki öňki çempiony Kamaru Usman bilen urşar. Promouşeniň habar bermegine görä, bu tutluşyk 19-njy iýulda......

22.06.2026 14:40
4.6k+

UFC amerikan harby gullukçylary üçin ýaryş geçirmegi meýilleşdirýär

UFC-niň prezidenti Dana Waýt ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen bilelikde harby gullukçylar üçin ýaryş geçirmek meýilleri barada mälim etdi....

18.06.2026 22:41
9.3k+

Islam Mahaçew UFC 330-da Ien Gerri bilen tutluşykda çempionlyk guşagyny gorar

UFC-niň ýarym orta agram derejesindäki häzirki çempiony Islam Mahaçew indiki söweşini diwizionyň reýtingindäki birinji belgili Ien Maçado Gerri bilen geçirer. Ýakynlaşýan söweş barada UFC-niň metbugat gullugy......