Ilon Mask OpenAI-yň täjirleşdirilmegine kazyýet tarapyndan gadaganlyk girizilmegini isledi

  • 04.12.2024 14:40
  • 3.6k+

Milliarder Ilon Mask ýene-de OpenAI-a garşy kazyýet işini gozgatdy. Ol OpenAl-yň täjirçilik guramasyna öwrülmeginiň gadagan edilmegini talap edýär. Şeýle-de Ilon Mask kompaniýany startap xAI üçin päsgelçilik döretmekde aýyplaýar diýip, CNBC habar berýär.

Aslynda, Mask OpenAI-ny esaslandyryjylaryň biridir. Bu Maskyň wekilleriniň "ChatGPT" dörediji guramasyna garşy dördünji kazyýet işidir. Bu kazyýet işine startap xAI-nyň wekilleri we OpenAI-yň dolandyryş geňeşiniň öňki agzasy Şiwon Zilis gatnaşýar. Olar OpenAI-yň täjirleşdirilmeginiň togtadylmagyny we maýa goýujylar bilen düşünişmezligiň öňüni almagy talap edýärler. Bu bolsa beýleki kompaniýalary, şol sanda xAI-y maliýeleşdirmekden saklaýar diýip pikir edýärler.
2015-nji ýylda telekeçilik däl gurama hökmünde döredilen OpenAI 2019-njy ýylda täjirçilik elementlerini goşmak üçin gurluşyny üýtgetdi. Mask başlangyç işine gatnaşmasa-da, bu karary işjeň tankytlady.  Onuň gahary OpenAI-yň kompaniýanyň iň iri maýa goýujysy "Microsoft" bilen oňyn hyzmatdaşlygy netijesinde hasam güýçlendi.
"Microsoft" OpenAI-a takmynan 14 milliard dollar maýa goýdy we kompaniýanyň direktorlar geňeşine wekil hödürlemegi meýilleşdirýär. Bu ýagdaý diňe bir Maskyň arasynda däl, eýsem ABŞ-nyň monopoliýa garşy edaralarynda-da aladalanma döretdi diýip, 
3dnews.ru ýazýar.
OpenAI-yň wekilleri bu aýyplamalary ret edýärler. "Ilonyň dördünji synanyşygy (OpenAI-ny kazyýete bermek) şol bir esassyz aýyplamany gaýtalaýar" diýip, kompaniýanyň beýanatynda aýdylýar.


03.06.2026 15:15
3.2k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.2k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

18.05.2026 14:48
3.9k+

Tehasda ilkinji gezek maglumat merkezleriniň gurluşygyna wagtlaýyn gadagançylyk girizildi

Tehas ştatynyň Hill okrugynyň ygtyýarlylar geňeşi oba ýerlerinde maglumat merkezleriniň gurluşygyny bir ýyl möhlet bilen togtatmak baradaky karary goldap ses berdi. Bu karar ştatyň taryhynda şeýle görnüşdäki......

17.05.2026 19:53
2.9k+

Gazagystanda emeli aň sebäpli 400 müň iş orny gysgaldylar

Gazagystanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň birinji wise-ministri Ýerbol Tuýakbaýewiň senatda geçiren brifinginde beren beýanaty boýunça, ýurtda geljek 10 ýylyň içinde emeli aňyň......