Hytaýda gadymy meteorit zarbasyndan dörän äpet krater tapyldy

  • 03.12.2024 22:32
  • 9.1k+

Şanhaýly alymlar topary millionlarça ýyl ozal uly meteorit çaknyşygy netijesinde emele gelen ullakan Haýlin kraterini tapdylar. Bu açyş “Matter and Radiation at Extremes” (MRE) žurnalynda çap edildi diýip, livescience.com habar berýär.

Krater Çangbaý daglarynyň 900 metr belentliginde ýerleşýär. Onuň diametri 1360 metr bolup, çuňlugy 183 metre barabardyr.
Gözlegçileriň pikiriçe, meteoritiň täsiri ýadro bombasynyň ýarylmagy bilen deňeşdirip boljak derejede güýçli partlamany döredendigi aýdylýar.
Krateriň çökündi gaýalar tarapyndan gizlenendigi we tapylmagynyň ýakynda mümkin bolandygy bellenildi. Krateriň peýda bolmagynyň takyk senesi belli däl, ýöne azyndan 20 million ýyl ozal dörändigi welin çaklanylýar.
Gözlegler krateriň çökündileriniň we gaýalaryň bölekleriniň, şeýle hem gadymy kölüň yzlarynyň bardygyny görkezdi. Alymlar şuňa meňzeş wakalaryň geljekde ýene bolup biljekdigini aýdýarlar diýip, globaltimes.cn ýazýar.


düýn 11:17
4.5k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......

düýn 10:28
1.3k+

Mejlisde Hytaýyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy boldy. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 14:01
8.4k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....

10.06.2026 08:04
10k+

Hytaýly raýat 32 gaty bolan binanyň 34-nji gatyndan öý satyn aldy

Hytaýyň Şensi welaýatynyň ýaşaýjysy ahyrynda binada bary-ýogy 32 gatyň bardygy belli bolandan soň, gurulýan binanyň 34-nji gatyndan satyn alan öýi üçin tölän serişdelerini kazyýet arkaly yzyna almaly boldy....