“Moana 2” multfilmi ýygymlary boýunça “Doňan ýürek 2-niň” rekordyny täzeledi

  • 03.12.2024 22:17
  • 2.7k+

“Moana 2” multfilmi geçen hepdäniň ahyrynda ABŞ-da 221 million dollar girdeji gazanyp, seljerijileriň çaklamalaryndan ýokary netije gazandy. Başda filmiň umumy girdejisi 135–175 million dollar bolar diýlip çaklanylypdy diýip, Variety habar berýär.

“Moana” filminiň dowamy Minnetdarlyk gününde (ABŞ-da) kassa ýygymy boýunça ozal “Doňan ýürek 2” filmine (130 million dollar) degişli bolan rekordy täzeledi. Mundan başga-da, multfilm taryhdaky animasiýa taslamalarynyň arasynda iň gowy başlangyjy görkezdi. Goşmaça dynç günleriniň gabat gelmegi muňa öz täsirini ýetirdi.
Häzirki wagtda “Moana 2-niň” kassa ýygymy 386 million dollar boldy. Seljerijiler filmiň 2024-nji ýylyň iň üstünlikli taslamalarynyň birine öwrülip, girdejisiniň 1 milliard dollardan geçip biljekdigini çaklaýarlar.
Filmiň sýužeti ata-babalaryndan syrly habar alýan Moananyň başdan geçirmelerini dowam etdirýär. Tolgundyryjy syýahata ugramak bilen, ol ýolda täze ýoldaşlara we garşydaşlara duşýar.


şu gün 20:14
511

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

şu gün 11:08
1.8k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

düýn 09:56
2.2k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.7k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......