Ispaniýada betbagtçylyk döwründe tölegli “klimat rugsady” girizildi

  • 02.12.2024 23:40
  • 13k+

Ispaniýada kanun taýdan tölegli iş rugsadynyň täze görnüşi girizildi. Ýurduň hökümeti işçilere suw joşguny ýaly tebigy betbagtçylyklar döwründe, iş hakyny tutup galmazdan, dört güne çenli öýde galmaga mümkinçilik berýän kanun taslamasyny tassyklady diýip, The Guardian habar berýär.

Kanun taslamasynyň kabul edilmegi oktýabr aýynyň ahyrynda ýüzlerçe adamyň ölümine getiren suw joşguny bilen baglanyşykly boldy. Käbir sebitlerde howplulygyň iň ýokary derejesi yglan edildi, ýöne käbir kompaniýalar işgärleriň işe çykmagyny talap etmegi dowam etdirdiler. Häkimiýetler telefon duýduryşlarynyň giç iberilendigini boýun aldylar.

“Eger häkimiýetler howa sebäpli jan üçin howpuň bardygy barada duýdurýan bolsa, adam işe çykmakdan saklanmalydyr” – diýip, zähmet ministri Iolanda Dias aýtdy.

Ol dowamly betbagtçylyk ýagdaýlarynda iş gününiň gysgaldylmagyna serediljekdigini belledi.
Ykdysadyýet ministri Karlos Kuerpo adatdan daşary howa hadysalarynyň netijeleri bilen göreş üçin çykdajylaryň 2050-nji ýyla çenli iki esse ýokarlanyp biljekdigini aýtdy. Şu ýyl zyýan çekenlere kömek üçin birnäçe milliard ýewro bölünip berildi.
Alymlar tebigy betbagtçylyklaryň ýygy-ýygydan bolmagyny howanyň global üýtgemegi bilen baglanyşdyrýarlar.


12.06.2026 07:53
3.3k+

Rim papasy dünýäniň iň beýik ybadathanasynyň baş diňini keramatlaşdyrdy

Barselona şäherinde taryhy waka bolup geçdi: Rim papasy Lew XIV meşhur Keramatly Maşgala ybadathanasynda (Sagrada Familiýa) messa geçirdi we Isa pygamberiň diňini keramatlaşdyrdy....

09.06.2026 15:05
10k+

BMG: Adamzadyň geljegi ummanyň ýagdaýyna bagly, umman bolsa goraga mätäç

Klimatyň, azyk howpsuzlygynyň we dünýä ykdysadyýetiniň gönüden-göni bagly bolan bütindünýä ummany barha artýan howplar bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Eger halkara derejesinde utgaşdyrylan çäreler görülmese, onuň......

03.06.2026 12:21
9.4k+

Howanyň üýtgemegi geljekde ýagjak dolyny has iri we howply eder

Hytaýly we amerikaly alymlaryň Nature žurnalynda çap edilen bilelikdäki ylmy barlaglary geljekde dolynyň has iri we howply boljakdygyny, munuň netijesinde dünýä ýüzüne ýetiriljek zyýanyň bolsa 36,5 göterimden......

27.05.2026 14:36
5.2k+

«Aýyň ahyryna ýetip bilermikäm ýa asyryň ahyryna?»: Ispaniýa energetika öwürilişigi üçin 9 milliard ýewro goýberýär

Ispaniýanyň hökümeti raýatlaryň durmuş şertlerini gowulandyrmak we ýurduň ekologik ýagdaýyny üýtgetmek maksady bilen, täze Durmuş-klimat meýilnamasyny taýýarlady. Taslama laýyklykda, döwlet tarapyndan 9......