Ysraýylda 12 ýaşly okuwçy gyzjagaz tomzak şekilli gadymy Müsür tumaryny tapdy

  • 02.12.2024 22:32
  • 14k+

Ysraýylda 12 ýaşly okuwçy gyz Dafne Filşteýner tomzak şekilli gadymy Müsür tumaryny tapdy. 3500 ýyldan gowrak ýaşly bu artefakt Ysraýylyň Gadymy ýadygärlikler müdirligine öwrenmek üçin geçirildi diýip, “Wokrug sweta” neşiri ýazýar.

Gyz gadymy Müsür tumaryny Hod-ha-Şaronyň golaýyndaky Tel-Kana sebitine maşgala bolup gezelenji gidenlerinde tapdy. Dafna ýerde adaty bolmadyk bir daşy gördi, soňra daşyň mukaddes sungat eseridigi belli boldy.

“Täsin daşy elime alyp, ejeme görkezdim. Ol munuň ýönekeý daş ýa-da monjukdygyny aýtdy. Ýöne men onuň üstünde nagşynyň bardygyny gördüm we munuň başgarak zatdygyny aýtdym "- diýip, Dafna gürrüň berdi.

Tumarda kellesi guýrugyna tarap bakyp duran iki içýan şekillendirilipdir. Bürünç asyry boýunça hünärmen doktor Ishak Pazyň sözlerine görä, içýanlar ölüleriň we tebipleriň howandary, zäherli çakylmalardan goraýjy hasaplanýan Selket (ýa-da Serket) hudaýyny alamatlandyrýar. Müsürliler onuň göwreli aýallary öz penasynda saklaýanygyna ynanýardylar.

“Tumardaky başga bir bezeg “gowy” ýa-da “saýlanan” manysyny berýän “nefer” nyşanydyr. Şeýle-de, patyşa hasasyna meňzeş bir nyşan bar" – diýip ol belledi. Munuň tumar bilen balzamlamak däp-dessurlarynyň arasyndaky baglanyşygy görkezip biljekdigini aýdyp sözüniň üstüni ýetirdi.

Tomzak gadymy Müsürde täzeden dikelişiň we täze durmuşyň nyşany bolupdyr. Gündogardan günbatara tezek togalap barýan tomzak Günüň asmanda gündelik geçýän ýoluny gaýtalaýar diýip hasaplanypdyr. Mundan başga-da, tomzaklar  ýumurtgalaryny şol tezegiň üstüne guzlaýarlar, soňra olardan  nesiller - täze durmuş döreýär.
Şeýle tumarlar Ysraýylda-da duş gelýär, bu sebite Müsüriň täsiriniň bardygy bilen baglanyşykly. Barlagçylar tumaryň hormatlanýan bir adama degişlidigini ýa-da bilkastlaýyn galdyrylandygyny çaklaýarlar. Şeýle-de bolsa, ýanynda ýazgynyň  ýoklugy sebäpli, onuň takyk taryhyny kesgitlemek mümkin däl.


17.06.2026 11:37
4.8k+

Alymlar el degirmän, galp suratlary tanamagy öwrendiler

O-de-Frans Politehniki uniwersitetiniň alymlary suratlaryň hakykylygyny anyklamagyň täzeçil usulyny işläp düzdüler. Bu oýlap tapyş kendiriň ýüzüne fiziki täsir etmegi talap etmeýär. Tehnologiýanyň anyk beýany......

17.06.2026 11:21
3.6k+

Tehasda howadan suw ýygnaýan kurtka oýlap tapdylar

Ostin şäherindäki Tehas uniwersitetiniň inženerleri howadan çyglylygy ýygnap, ony içmäge ýaramly suwa öwrüp bilýän ýörite dokumadan ýasalan kurtkany işläp taýýarladylar. Howa şertlerine baglylykda, bu enjam......

17.06.2026 10:36
2k+

Barlaglar kagyz kitaplary okamagyň garaşylmadyk artykmaçlyklarynyň bardygyny görkezdi

Tokio uniwersitetiniň alymlary kagyz kitaplary okamagyň ekrandan okamak bilen deňeşdirilende, beýniniň wakalary ählitaraplaýyn özara baglanyşdyryp, ýatda saklamagyna has täsirli kömek edýändigini anykladylar.......

16.06.2026 23:05
2.6k+

Haýwanlaryň we adamlaryň aragatnaşygynda meňzeşlik ýüze çykaryldy

Ženewa uniwersitetiniň, Paster institutynyň we reConnect barlag merkeziniň alymlary haýwanlaryň köpüsiniň birmeňzeş depginde ses alyşýandygy baradaky netijä geldi. Ylmy işiň netijeleri «PLOS Biology»......