Maks Werstappen Kataryň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy

  • 02.12.2024 11:49
  • 2.5k+

“Red Bulluň” niderlandly sürüjisi Maks Werstappen “Formula-1” möwsüminiň iň soňkudan öňki tapgyry bolan Kataryň Gran-prisinde ýeňiş gazandy. Ol Dohadaky “Lusail” ýaryş ýolunda 57 aýlawy 1 sagat 28 minutda geçip, çempionatda öňdebaryjylygyny berkitdi.

Ikinji orny 6,031 sekunt yza galyş bilen “Ferrariniň” sürüjisi Şarl Lekler eýeledi. Üçlügi “Maklareniň” wekili Oskar Piastri jemledi. 
Ýaryş hadysasyz geçmedi, ikinji orunda barýan Lando Norris sary baýdaklarda tizligi peseltmändigi üçin 10 sekuntlyk jerime aldy, netijede ol 10-njy ýere düşdi. Birinji aýlawda Franko Kolapinto bilen Esteban Okon çaknyşdy.
Ýaryşyň ortasynda falstart üçin +5 sekunt alan Lýuis Hemiltonyň we Karlos Saýnsyň tekeri deşildi. Bu Bernd Maýlanderiň ýaryş ýoluna çykmagyna sebäp boldy.
Guanýuý Çžou sekizinji orny eýeläp, “Kik-Zauber” üçin möwsümde ilkinji utuklary gazandy.
Şahsy sanawda 429 utuk bilen Werstappen öňde barýar. Lando Norris we Şarl Lekler ikinji setir üçin göreşi dowam etdirýär.
Konstruktorlaryň kubogynda “Maklaren” birinji orny eýeleýär. Ol “Ferrariden” 21 utuk we “Red Bulldan” 59 utuk öňde barýar.
Möwsüm 6 – 8-nji dekabrda Abu-Dabide geçiriljek ýaryş bilen tamamlanar, onuň netijesinde Konstruktorlaryň kubogynyň we umumy sanawda galan orunlaryň ýagdaýy kesgitlener.


19.06.2026 19:42
1.6k+

Lýuis Hemilton "Ferrari-ä" geçeni bäri ilkinji ýeňşini gazandy

«Ferrari» toparynyň sürüjisi Lýuis Hemilton «Formula-1-iň» Ispaniýa Gran-pri tapgyrynyň ýeňijisi boldy....

09.06.2026 07:51
4.5k+

19 ýaşly Antonelli Monakonyň Gran-prisinden ýeňiş gazandy: bu onuň yzly-yzyna bäşinji ýeňşi

«Mercedes» toparyndan çempionatyň lideri Andrea Kimi Antonelli 2026-njy ýylyň Formula-1 möwsüminiň altynjy tapgyry bolan Monakonyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy. Ýaryş 7-nji iýunda Monte-Karlo şäheriniň......

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....

05.05.2026 15:03
4.5k+

Abu-Dabidäki attraksion 4,9 sekuntda 240 km/sag tizlik bilen Ginnese girdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki «Ferrari World» seýilgähinde ýerleşýän «Formula Rossa» attraksiony dünýäniň iň çalt attraksiony hökmünde ykrar edildi....